Geljegi bezejek 5 tehnologiýa
Bu ýazga baha ber

Salam Öwrenmeli saýtynyň hormatly okyjylary! Men Öwrenmeli saýtynyň ýazyjysy Ilhan Dowranow. Şu gün men size geljegimizde uly meşhurlyk gazanjak we durmuşymyzy ýeňilleşdirjek 5 tehnologiýa hakda gürrüň bermekçi. Geliň onda öwrenmäge başlalyň.

1. Akylly äýnek.

Google Glass – Google kompaniýasy tarapyndan oýlanyp tapylan akylly äýnekleriň biridir. Olar 2014-nji ýylyň orta aralarynda elýeterli boldular. Emma, häli bu güne çenli olar hiç hili meşhurlyk gazananoklar. Ýagny bu äýnekleri kän ulanmaýarlar. Sebäbi, bu äýnekleriň bahasy gymmatlygy sebäpli, ähli kişi üçin bu äýnekler elýeterli däldirler. Bu äýnekler durmuşymyza has ýeňilleşdirýär, çünki bu äýnekleriň kömegi bilen biz birnäçe işleri amala aşyryp, olara gözegçilik edip bilýäris. Ýöne ruhdan düşmeli däl, täze smartfonlar dörände hem, ähli kişi üçin olar gymmatlygy boýunça elýeterli bolmandyrlar. Bu äýnekler hem, geljekde biz üçin elýeterli bolarlar.

2. Smart Data.

Awtomatlaşdyrma – bu biz üçin has bir gerekli funksiýalaryň biridir. Awtomatlaşdyrma hadysalaryny biz günde ulanýarys. Ýagny, käbir işler tehnologiýalar arkaly awtomat ýagdaýynda amala aşyrylýar. Meselem, smartfonlaryň hem birnäçe awtomat ýerine ýetirýän wezipeleri bar. Emma käbir funksiýalary biz öz elimiz arkaly ýerine ýetirmelidiris. Olaryň biri hem, smartfonlarda kontaktlary ýazga geçirmek.

RelateIQ kompaniýasy tarapyndan häzir täze tehnologiýalar döredilýär. Ýagny ýakyn günlerde, smartfonlarda kontaktlary özümiz ýazga geçirmeýäs. Bu sistema özi ähli kontaktlary awtomat ýagdaýynda sim karta geçirýär. Size diňe kontaktyň adyny aýtmak galýar.

3. Bedeniňde göterilýän elektronika.

Akylly äýnekler, sagatlar – bu tehnologiýalar bizi daşky dünýä bilen baglanyşdyrýarlar. Emma geljekde bizi içki dünýämiz, ýagny bedenimiz bilen baglanyşdyrýan tehnologiýalar hem bar. Ýörite nauşnikler biziň ýüregimiziň pulsyny, linzalar süýji keseliniň derejesini, elimize ýelmenýän tatiurowkalar bolsa NFS funksiýaly bolup bize hyzmat edýärler. Bu funksiýalaryň ählisini birikdirip, akylly äýneklerde monitoring arkaly gözegçilik edip bolýar.

4. Neýrointerfeýs.

Neýrointerfeýs – adyndan belli bolşy ýaly, medisinada kän ulanylýan tehnologiýalaryň biridir. Emma bahasy zerarly bu tehnologiýalary köp adamlar ulanyp bilenoklar. Neýro sistemasy bozulan adamlara, ýagny duýyş we nerw organlary işlemeýän adamlar üçin niýetlenen tehnologiýadyr. Ýagny, beýle adamlar gürläp bilmeýänligi sebäpli, bu tehnologiýalaryň üsti bilen arkaýyn kompýuter arkaly gürleşip bilýärler.

5. 5G – internet tizligi.

Häzirki döwürde internet ulanyjylaryň sany günde millionlara çenli ýetýär. Internede birnäçe göwrümli, hilli faýllar ýüklenýär. Meselem 4K formatly wideolar özlerinde uly göwrümleri saklaýarlar. Beýle wideolary ýüklemek üçin bize has ýokary tizlikli internet akymy gerek. Şu sebäpden hem, geljekde bize 5G internet tizlikleri hem elýeterli bolar.

 

Şu günki mowzugym gyzyklymy? Öz pikirleriňizi  teswirlerde görkeziň. Men bilen habarlaşmak üçin:

E-mail: dovranovovrenmeli@gmail.com

7,392 gezek okaldy