Internet we tizligi (bit,mbit)
Bu ýazga baha ber

Salam Öwrenmeli saýtynyň hormatly okyjylary! Men Öwrenmeli saýtynyň ýazyjysy Ilhan Dowranow. Men şu günki mowzugymda biraz internet hakda söhbet açdym. Umuman aýdanymda gündelik durmuşymyzda has giňden ulanýan Internedimiz hakda gürrüň berjek. Meselem, siz internetde onlaýn oýun oýnajak, emma siz oýnap bilmediňiz? Munyň sebäbi köpdür. Onuň bir sebäbi siziň internediňiziň tizligi hem bolup biler. Geliň şu gün şular barada gürrüň edeliň!

Internetde wideo, oýun ýa-da beýlekileri görmek, oýnamak üçin sekuntda näçe megabit internet tizligi gerek?

Häzirki döwürde informasiýa we tehnologiýalaryň ösmegi netijesinde biz gündelik durmuşymyzda internetden giňden ulanýas. Soňky döwürlerde hemme kimiň öýünde diýlişi ýaly, öý internetleri (WiFi) oturdylan. Dürli tizlikde, her dürli tarifler boýunça 1 aýlyk öý internetleri satylýar.

Megabitler, megabaýtlar we beýleki tizlikler.

Islendik bir faýlyň özüniň göwrümi bolýar. Olaryň hem aýratyn ölçeg birlikleri bardyr. Faýllar baýtlarda ölçenýärler. Meselem, HD filmler 400-den megabaýtdan 1.4 gigabaýta çenli göwrümi saklap bilýär. FULL HD filmler bolsa 4 gigabaýtdan 14 gigabaýta çenli göwrümi saklap biler.

Internet tizlikleri bolsa baýtlarda däl-de, bitlerde ölçenýär.

1 baýt = 8 bit

1 megabaýt = 8 megabit

1 megabaýt/s = 8 megabit/s

Eger siz şu ölçegleri ýatlap, olary dogry ulanyp bilýän bolsaňyz, onda siz internetden ýüklejek islendik faýlyňyzyň ýüklenýän wagtyny hasaplap bilersiňiz. Meselem:

HD film – 1400 megabaýt

Internet tizligi – 30 megabit/s

Ýüklenýän wagty – 1400/30=46.6 sekunt

Şeýlelikde biz ýükleýän faýlymyzyň ýüklenýän wagtyny hasaplap bileris.

Internet prowaýderleri internet bukjalaryny satanda onuň tizligini hem görkezýärler. Meselem, siz 5GB göwrümli 7 megabit/s tizlikli internet bukjasyny satyn aldyňyz. 7 megabit/s tizlikli diýeninde, ol doly 7 megabit/s tizlikde işlemeýär. Ýagny satyn alan internediňiziň tizligi 7 megabit/s çenli tizlikde işläp biljekdigini aňladýar.

Hakykatda haýsy internet tizlikleri gerek?

  1. Brauzerler, sosial ulgamlar  –  2 megabit/s
  2. Onlaýn oýunlar  –  2 megabit/s
  3. Wideokonferensiýalar  –  3 megabit/s
  4. SD-wideo (360p, 480p)  –  3 megabit/s
  5. HD wideo (720p)  –  5 megabit/s
  6. FULL HD wideo  –  8 megabit/s
  7. 2K wideo – 10 megabit/s
  8. 4K wideo – 25 …  megabit/s

 

 

7,770 gezek okaldy