Kompýuterimizde IMO ulanmak
5 (100%) 2 votes

Soňky wagtlarda aramyzda gün günden meşhurlyk gazanan IMO Messenger, hiç hili durman ýene-de täze ulanyjylaryny özüne çekýär. Imo IOS, Android, Windows phone, MAC, Windows ýaly platformaly enjamlarda ulanmak mümkindir.

Bellik: Haçanda siziň habaryňyz bolman size Imo Team diýen kontaktdan kod gelse şol kody kim soraýan bolsa hem bermäň. Eger şol kody soraýan kişä berseňiz siziň Imo hasabyňyzdan girip bilýändir. Kody paýlaşsaňyz haçan girip çykanlygyny hem bilmersiňiz. Imo hasabyňyzdaky ähli ýazyşanlaryňyzy doly okap bilýändir. Şonuň üçin gelen kody hiç kim bilen paýlaşmaň. Gelen wagty hem göni pozuň.

Bu ýazgymyzda bilelikde Kompýuterda (windowsda) Imo gurnamagy öwreneliň.

Imo Messenger Windows 7,8,10 üçin niýetlenilen programmasyny ilki bilen şu salgy boýunça ýükläp alyň. https://goo.gl/2vv2tE  (Eger salgy ak penjire bolup dursa sagtarapdaky üç nokada basyp browserde aç düwmesine basyp ýükläp bilersiňiz) Göwrümi 10 MB.

Ýükläniňizden soňra kompýuteriňizden açyň we Imo Messengeri gurnaň.

  • INSTALL düwmä basyň
  • Gurnalandan soňra Imo awtomat kompýuteriň iş Stolyna çykar.
  • Imo-ny açyň

Bellik: Imo-ny kompýuterde ulanmak üçin telefonda hasabyň bolmalydyr.

  • Imo-ny açanyňyzdan soňra göni suratdaky ýaly penjire geler.
  • Imo hasabyňyzdaky Telefon belgiňizi ýazyň
  • Soňra Continue düwmä basyň

  • Telefon belgiňizi ýazanyňyzdan soňra Telefondaky Imo hasabyňyza tassyklamak üçin Kot geler
  • Kody Kompýuterdäki Imo  Messengere ýazyň
  • Soňra Continue düwmä basyň

Şeýlelik bilen Kompýuter üsti bilen IMO ulanyp bileris. Imo hasabyňyzdaky dostlaryňyz haçanda ýazyşyp başlanyňyzda görüner.

Işiňizde üstünlik! 🙂

 

9,059 gezek okaldy