Excel-de işiňi ýeňilleşdirmegiň 10 ýoly
Bu ýazga baha ber

Excel-de işiňi ýeňilleşdirmegiň 10 ýoly

Salam Öwrenmeli saýtynyň hormatly agzalary! Men Öwrenmeli saýtynyň ýazyjysy Ilhan Dowranow, şu gün size Excel-de işiňi ýeňilleşdirmegiň 10 ýoluny öwretjek.

Aramyzda Excel programmasyny gündelik durmuşynda ulanýan agzalarymyz köpdür. Ýöne aramyzda bu programmada işläp bilmediklerimiz hem bar. Geliň şu gün Excel-de işimizi aňsat we tiz şekilde ýerine ýetirmekligi öwreneli! Onda başladyk…

Öýjükleriň ählisini bir düwmede saýlamak

Öýjükleri ählisini bir düwmede saýlamak üçin, suratdaky görkezilen tablisanyň iň ýokarsynyň çep tarapyndaky düwmäni bassaňyz ýeter. Ondan başga-da “Ctrl + A” buýrugynyň üsti bilen hem ähli öýjükleri saýlap bilersiňiz. Hem-de, bu buýruk ähli beýleki programmalarda hem ýerine ýetýär.

Birnäçe Excel dokumentlerini birbada açmak

Excel dokumentlerini aýratyn açmakdan ýadadyňmy? Onuň çözümi şu ýerde! Onuň üçin gerekli dokumentleriňi saýlap ählisini birbada açyp bilersiň.

Excel-däki açylan birnäçe dokumentleri aňsatlyk bilen çalyşdyr

Meselem, siz Excel-de 2-3 dokumentiň üstünde işläp durkaňyz, bir dokumentden beýleki dokumente aňsatlyk bilen geçip bilýäňizmi? Geçip bilmeýän bolsaňyz onda bary ýogy şu buýrugy ýerine ýetir “Ctrl + Tab”. Hem-de, bu buýruk Windows-yň ähli programmalarynda ýerine ýetýär.

Excel-iň penjiresiniň ýokarsynda gerekli düwmäni goşmak

Adatça, Excel penjiresiniň ýokarky panelinde 3 düwme ýerleşýär. Ýöne sen ol düwmeleriň hataryna özüňe gerekli täze düwmeni goşup hem-de aýryp bilersiň. Onuň üçin «Файл» ⇒ «Параметры» ⇒ «Панель быстрого доступа» şu buýrugy ýerine ýetirip, gerekli düwmäni saýlap we goşup ýa-da aýryp bilersiň.

 

Excel-däki öýjüklerden dioganal geçirmek

Käwagt Excel tablisamyzda öýjükleriň arasynda dioganal geçirmeli bolýas. Onuň üçin Excel baş menýusynda “границa” düwmesine basyp, “Другие границы” buýrugynda ýerine ýetirip bilersiňiz!

Tablisa boş öýjükleri goşmak

Syçanjygyň kömegi bilen gerekli möçberdäki öýjükleri saýlap, syçanjygyň sag düwmesine basyp “Вставить” düwmesini basyp boş öýjük goşup bilersiňiz!

Tiz şekilde tablisada göçürme geçirmek

Ýazan tekstiňizi, öýjügi, tablisany başga boş öýjüklere geçirmek isleseňiz, gerekli öýjükleri saýlap, syçanjygyň çep düwmesiniň basyp durylmagy bilen beýleki boş öýjüklere geçirip bilersiň.

Boş öýjükleri tiz öçürmek

Käwagt tablisada boş öýjükler ýüze çykyp bilýär. Şol öýjükleri tiz şekilde öçürmek üçin, gerekli tablisany saýlap, “Данные” bölüminden “Фильтр” buýrugyny açyp, boş öýjükleri saýlap öçürip bilersiňiz.

Giňişleýin gözleg

Göni “Ctrl + F” buýrugy bilen gözleg menýusyny açýas. Ondan soňra siz bu menýuda Excel-e degişli, onuň içindäki islendik zady gözläp bilersiňiz.

Tablisanyň nawigasiýa häsiýeti

“Ctrl + strelka” bu buýrugyň üsti bilen tablisanyň bir ujundan beýleki ujuna aňsatlyk bilen göçüp bilersiňiz. Meselem  “Ctrl + ⇓” tablisanyň kursory iň aşaky öýjügine geçer.

Bu günki mowzuk siziň göwnüňize ýaradymy? Teswirde öz pikiriňi ýaz!

Indiki mowzukda görüşýänçäk köp sag boluň!

 

 

4,987 gezek okaldy