Laptopy (notebook) nädip arassalamaly?
5 (100%) 2 votes

Laptopy arassalamagyň usullary

Häzirki informasion tehnologiýalaryň döwründe ähli adamlar gündelik durmuşynda informasion tehnologiýalary (kompýuter, telefon …) giňden ulanýarlar. Bu bolsa bize gowy ýeňillikleri döredýär.

Bu mowzugymyň adyndan hem belli bolşy ýaly, şu gün men size laptopy ýagny, notebook-y nädip arassalamaladygyny öwretjek. Laptopy arassalamaly wagty gelendigini nädip bilmeli? Şu aşakdaky ýagdaýlar ýüze çykýan bolsa, onda hökman laptopyňyzy arassalamalydyr:

  1. Laptopyň tiz gyzmagy;
  2. Her dürli ýakymsyz sesleriň çykmagy;
  3. Laptopyň öz – özünden öçmegi;

1. Laptopy arassalamagyň birinji usuly

Laptopy arassalamak üçin birnäçe gurallar gerek:

  1. Otwýortka (Laptopyň arka tarapyny açmak üçin);
  2. Ýokary howa basyşly ballonçik (hojalyk dükanlarynda satylýar)
  3. Laptopy ýerleşdirmek üçin gury üst (stol);
  4. Antiseptik ellikler;
  5. Biraz öllenen salfetka;

1-nji ädim

Laptopy arassalamazdan ozal, ony dolulygyna öçürilmelidir. Arkasyndaky akkumulýatoryny aýyrmaly.

Laptopyň arka tarapyny açmak üçin:

  1. Arka tarapyndaky ähli boltlaryny açmaly. Käbir laptoplaryň arka tarapyndaky boltlar arka tarapyndaky nakleýkalaryň, rezinleriň aşagynda bolýar;
  2. Boltlaryny doly ýeşilenden soň, ýuwaşlyk bilen arka tarapynyň gapagyny galdyrmaly. Galdyran wagtymyz gaty ünsli bolmalydyrys.

2-nji ädim

Arka tarapynyň gapagyny açanymyzdan soňra laptopyň wentilýatoryny we radiatoryny görýäris. Bize gereklisi-de şolar. Ýokary howa basyşly ballonçigi alyp wentilýatoryny we radiatoryny arassalamalydyrys. Arassalaýan wagtymyz örän ünsli bolmalydyrys. Çünki birnäçe toklara, prowodlara zyýan ýetirmegimiz mümkin.

3-nji ädim

Doly arassalanymyzdan soňra, arka tarapynyň gapagyny gaýtadan ýaplamylydyrys.

4-nji ädim

Indi bolsa biz laptopyň ekranyny we klawiaturasyny arassalamalydyrys. Onuň üçin biraz öllenen salfetka bilen ýuwaşlyk bilen ekranyny we klawiaturasyny arassalamalydyrys.

 

Ýatdan çykarmaň! Ekranyny arassalaýan wagtyňyz aýna süpüriji, kir ýuwujy serişdelerden peýdalanmaly däl!

2. Laptopy arassalamagyň ikinji usuly

Eger-de siz laptopyňyzy arassalamakdan gorkýan bolsaňyz, onda siz kompýuter serwislerine ýüz tutup, laptopyňyzy arassaladyp bilersiňiz.

 

 

 

3,544 gezek okaldy