DMCA näme zat?
Bu ýazga baha ber

       DMCA (Digital Millennium Copyright Act), Birleşen Milletler kanunlaryndan herekete başlan Internet üstünde bolan gorag sistemidir. DMCA goşulan web sahypalaryň ýazgylary awtomat şekilde goraga alynyp tölegli şekilde rugsatsyz alynan ýazgylaryň web sahypasyny Hosting firmasy bilen habarlaşyp web sahypany hostingden bozmagyny talap etýär we şol web sahypany uly gözleg sistemlerinden aýyrýarlar.Ýagny Google. Bing. Yandex ýaly sistemlerden şol saýt hakynda gözletseň hem hiç hili jogap çykmaýar.


Biziň ulanma maksadymyz hakynda aýtsak, Saýtdaky özümize degişli ýazgylaryň başga ýerlerde paýlaşylmagynyň öňüni almak we bu ýazgylaryň Internetde bize degişlidigini görkezmek üçindir. Mysal üçin siziň ýazgyňyzy başga bir web saýt alyp öz adyna geçirip biler. Ynha şunuň üçin hem sizden habarsyz ýazgylaryňyzy almak isleýänleriň öňüne geçmek üçin DMCA ulanmagyňyzy maslahat berýäris.

Ilki DMCA sistemine agza bolanyňyzda Ýyllyk 100$ töläp web saýtyňyzy tanatýarsyňyz. Şeýlelik bilen Sistem siziň saýtyňyzyň her bir salgysyny goraga alýar. Haçanda başga bir web saýt siziň ýazgyňyzy alanda size bildiriş berilýär. Siz hem öz DMCA hasabyňyzda şol salgyny Takedown (düşürme) funksiýasy bilen alyndy diýip 199$ töleg garşylygynda ugratýarsyňyz. Siziň ugradan günüňizden başlap hem şol saýtyň üstünde kanuna laýyk hereketden çykdy diýip Hosting firmasyna ugratýarlar. Hosting firmasy bolsa şol web sahypany ýada alynan ýazgyny şol saýtdan bozýar we uly gözleg sistemlerinden aýyrýarlar.

Bir saýtyň DMCA bilen goraglydygyny nädip bilmeli?

Bir web sahypanyň DMCA bilen goraglydygyny bilmek üçin web sahypanyň iň aşagynda suratdaky ýaly şekiljik durýandyr. Şol hem Saýtyň DMCA sistemi bilen goralýandygyny görkezýändir.

 

Haçanda siz DMCA sisteme agza bolanyňyzda size degişli hasabyňyz bolýar şol ýerde hem siziň alynan ýazgylaryňyz we goralýan salgylaryňyz durýar.

Aşakdaky suratda web sahypanyň goralýan salgylaryndan birnäçesini görýäris.

Aşakdaky suratda bolsa saýtymyzdaky alynan ýazgylardan biri:

  1. Bu bölümdäki salgy biziň salgymyz.
  2. Bu bölümdäki bolsa biziň ýazgymyzy alan saýtdyr.

Haçanda ýazgymyz alynanda suratdaky şekilde bolýar. Haýsy saýt alan bolsa şol saýty hem bize görkezýär. Mundan soňra etmeli işimiz bolsa ýekeje düwmä basyp. Takedown funksiýasyny işletmekdir. Işleden mahalymyz hem kanuna laýyk däl hereketi bilen DMCA sistemi öz işini ýerine ýetirýär.

Biziň resmi web salgylarymyz: http://owrenmeli.biz http://blog.tsoltanov.com Şu iki salgy bize degişlidir. Owrenmeli/com bize degisli daldir. Bu sayt diňe biziň işimize guwanyp özi hem biziň ýaly bolmak isleýänlerden biri bolmagy çemeli. Çünki Ýazgylary bize degişlidir. Bu hem bizi diýseň begendirýär sebäbi edýän işlerimiziň ýerine düşýändigini we okyjylarymyza peýdamyzyň bardygyny görýäris.

Internetde blog ýazyjysy bolsaňyz hiç hili başga web saýtlardan almajak boluň çünki mundan beýläk internet kanunlary hak-hukuklary diýseň güýçlenýär. Bu diýmek internetde hem durmuşdaky ýaly adalat kanun bardyr. Ähli zat kanuna görä hereket etýändir.  Okanyňyz üçin köp sagboluň

DMCA sistemine agza bolma isleseňiz şu ýere basyň www.dmca.com

Öwrenmeli LINE@ hasabymyza goşulmak  üçin şu ýere basyň: https://goo.gl/GAUHbA

 

 

 

2,582 gezek okaldy