Pozulan maglumatlary yzyna getirmek. Kompýuter üçin
5 (100%) 1 vote

Her kim ýalňyşyp bilýär.Kompýuterde ýa-da  beýleki maglumat saklanýan enjamlarymyzda ýalňyşyp maglumatlarymyzy pozup ýa-da ýitirip bileris!


Ýitirilen we pozulan maglumatlary yzyna almak üçin her dürli programmalar bardyr. Bu programmalar her kime görä başgaça bolýar.

Bu temada ulanylşy aňsat we ýeňiljek bolan bir programma hakynda agzap geçmekçi.

Handy Recovery – programma arkaly pozulan maglumatlaryňyzy yzyna getirip bilersiňiz. Programma diňe kompýuter üçindir. Eger fleşkaňyzda ýa-da kompýuterde maglumatlaryňyz pozulsa Handy arkaly yzyna alyp bilersiňiz. Elbetde bu Çipleriňize degişli. Çipleriňizde pozulan bolsa hem yzyna alyp bilýärsiňiz. Onuň üçin çipiňizi kompýuter Çip okyjylar bilen birikdirmeli.

Programmanyň ulanylşy gaty aňsatdyr.

  1. Programmany açyp maglumatlaryň pozulan ýerini görkezmek.
  2. Gözlegi başlatmak.
  3. Gözleg dolýança garaşmak.
  4. Tapylan zatlary yzyna getirmek.

 

Programmany ilki açanyňyzda aşakdaky ýaly penjire açylar. Siziň maglumatlaryňyz haýsy ýerden pozulan bolsa şony saýlaň we analiz düwmesine basyň.

Analyz basanyňyzdan soňra Gözleg başlar. Gözleg gutarýança garaşyň.

Dolandan soňra programmanyň ýokarsynda duran Recover düwmesine basyň. Tapylan maglumatlary nirä goýmakçy bolsaňyz şol ýeri saýlap OK düwmesine basyň. Şeýlelik bilen siz maglumatlaryňyzy yzyna alyp bilersiňiz.

Programmany almak üçin şu ýere basyň. http://link.tsoltanov.com//29

Bu ýazgyny bize ýetiren: Yslam Myratyyew

Düşünmedik ýeriňiz bar bolsa Forum arkaly ýazyp bilersiňiz. https://forum.tsoltanov.com/ 

7,736 gezek okaldy