Android telefonlarda wideo montaj etmek
5 (100%) 1 vote

Soňky wagtlarda ählimiz diýen ýaly sosiýal serwislerde wideolar paýlaşýarys. Bu wideolary özleşdirmek üçin birnäçe programmalary ulanýarys. Wideolaryň ýüzüne hat ýazmak ýa-da wideonyň arkasyna ses goşmak ýaly birnäçe işleri etmeli bolýarys we şm.

Bu ýazgymyzda iň ýörgünli android üçin wideo editor programmasyny tanyşdyrmakçy.

Ilkinji sanawda durýan, içinde birnäçe üýtgeşik funksiýa bolan VivaVideo Pro. Bu programmada wideolary kesmek, ses goşmak we birnäçe effektleri bar.

Programmanyň mugt we pully görnüşi bar. Mugt görnüşünde ähli effektler açyk bolmaýar. We widonyň ýüzünde programmanyň ady durýar. Size bu programmanyň pully görnüşüni hödürledik. Göwrümi 36 Mb ýüklemek üçin şu ýere WiwaWideo basyp alyp bilersiňiz. Programmany ulanmak gaty hem kyn däldir. Programmany ilki açan wagtyňyz göni siziň wideolaryňyz çykýandyr. Montajlamak isleýän wideoňyzy saýlap alyp, işe başlabermeli.

Ikinji bolsa Androvid. Bu programma hem ýokarka meňzeşräk. Wideolary kesmek saz goýmak, effekt goşmak. Saýlamak size galypdyr. Ulanylşy kyn däldir. Sada ýasalan. Programmany açan wagtyňyz wideolaryňyz garşyňyza çykýar. montajlamak isleýän wideolaryňyzy saýlap işe başlabermeli. Programmany Google Play arkaly ýükläp bilersiňiz. Almak üçin şu ýere Androwid basyň. Göwrümi 11 MB.

Indiki temalarymyzda has giňişleýin aýry aýry üstünde durup geçeris. Düşünmedik ýa-da başga soraglaryňyz bar bolsa Forum arkaly ýetirip bilersiňiz. https://forum.tsoltanov.com/

4,801 gezek okaldy