Google Play Store işlänok näme etmeli?
5 (100%) 1 vote

Android telefonlarda programma we oýun dükany bolup ulanylýan Google Play store milýonlarça programma we oýun ýaly telefonlarda ulanyp boljak zatlara eýedir.

Google play storede käte ýalňyşlyklar ýüze çykyp bilýändir. Kä ýalňyşlyklar şeýlebir sadadyr, programmany öçürip açanymyzda düzelýändir. Käsi bolsa gaty  çylşyrymlydyr hat-da telefonymyzy üýtgedenimizde-de şol ýalňyşlyk gelip durandyr.

  1. Google play Store ýalňyşlyklary:
  2. Google Play açylýar ýöne programma ýüklemeli wagty ýöne zagruzka gidip durýar, hiç hili üýtgeşme ok.
  3. Google Plaý açylanok (No connection) Internet bar wagty hem internet ýok diýär.
  4. Произошла ошибка при получении данных с сервера. Serwerden alynýan wagty ýalňyşlyk ýüze çykdy.[RPC:S-7:AEC-0]
  5. Programma käbir sebäplere görä ýüklenmedi

Ýokardaky ýalňyşlardan gören bolsaňyz häzir hem çözülmedik bolsaňyz, Aşakdaky ädimleri barlap bolalyň.

1.Ilki bilen 1nji ädimi barlap görüň. Google Play işlemese Telefony öçürip açyň. Google Playy açyň we täzeden ýüklemäge çalyşyň.

2.Telefonyňyzyň sagadyny üýtgediň: 

  • Telefonyňyzda Nastroyka giriň.
  • Дата и время giriň
  • Автоматическая дата и время we Автоматический часовой пояс şulary göreniňizde belliklerini aýyryň.
  • Sagady we senäni el bilen ýalňyş  şekilde sazlaň
  • Home düwmesine basyň
  • Soňra Дата и время menýusyna täzeden giriň.
  • Sagady we senäni el bilen dogry şekilde sazlaň
  • Автоматическая дата и время we  Автоматический часовой пояс bellikleri goýuň.

3.Telefonyňyzyň Keşlerini arassalaň (cache):

  • Telefonyňyzda Nastroyka giriň.
  • приложений ýa-da Диспетчер приложений giriň
  • Soňra Google Play Store tapyň we giriň
  • Google Play Store>Удаление обновлений ýazga basyň.
  • Google Play Store programmasyny gaýtadan завод wersiýasyna geçmeli diýen bildirişde DA basyň.
  • Soňra Google Play Store programmany açyň
  • Soňra Home düwmä basyň. Google Play store birnäçe minudyň içinde Google Play täze wersiýasyna geçjekdir
Bellik: Ýalňyşlyk häzir hem dowam edýän bolsa, Programmalary alyp bilmeýän bolsa aşaky ädimler bilen okamaga dowam ediň

4.Download Manager funksiýa açykmy?

  • Telefonyňyzda Nastroyka giriň.
  • приложений ýa-da Диспетчер приложений giriň
  • Soňra Bölümlerden все bölümini saýlaň
  • Ähli programmalaryň arasyndan Zagruski atly programmany tapyň we giriň.
  • Eger programmada Включить bar bolsa Включить basyň. Eger Otklýuçit bar bolsa. Zagruski işleýändir. Munda hiç zat üýtgetmek gerekdäl.

5.Google Playda programma ýüklenmese

  • Haçanda Google Playda programma alanyňyzda hiç hilii ýüklemän dipe zagruska gidýän bolsa, Google Play hyzmaty başga bir bölümde işleýändir. Ýagny size garaş diýändir, Muny öçürmek üçin. Google Play nastroyka giriň we ähli Obnowlenýalary öçürüň. Telefonyňyzyň HOME düwmesine basyň soňra Dispetçer Zadaç giriň we RAM-y arassalaň. Bu siziň probleamyňyzy çözjekdir.

Eger häzir hem ýalňyşlyk çözülmedik bolsa, Foruma girip kömek alyp bilersiňiz.


Goşmaça täzelikler:

Forum saýtynyň android Programmasy täzelendi. Bildiriş funksiýasy goşuldy programma ýeňilleşdirildi.

Forumy ýüklemek üçin şu ýere: //play.google.com/store/apps/details?id=com.ts.forum

APS-Android Programmalar Sanawy. Progammasy täzelendi. Bildirş funksiýasy goşuldy. Haçanda APS-täze programma ýüklenende size habar edilýär.

APS-ny şu ýerden ýüklap bilersiňiz: https://aps.tsoltanov.com/assets/apk/app-debug.apk

Saýtymyza DMCA gorag sistemi goşuldy. Ýagny Çeşmesiz: blog.tsoltanov.com syz biziň ýazgylarymyzy paýlaşylanda DMCA tarapyna habar edilýär.

DMCA paýlaşylan ýeri Uly gözleg sistemlerine ugratýar (Google, Bing, Yandex). Ol sistemler bolsa Şol web sahypany sistemlerinden pozýarlar. Soňra şol saýt ady agzalan sistemlerde görünmeýär.

Ýazgylarymyza hormat goýup doly çeşmelerimiz bilen paýlaşsaňyz iki tarap hem hoşal bolar.

5,487 gezek okaldy