Telefonda gürleşýän wagtyňyz sesiňizi üýtgetýän 5 sany programma
4.5 (90%) 4 votes

Maşgalaňyzy we dostlaryňyzy sesiňizi üýtgedip oýun etmek ýaly bir islegiňiz bardyr. Täze nesil tehnologiýalar siziň üçin bu islegiňizi ýerine ýetirýär. Bu temada telefon bilen birine jaň edeniňizde, programmalaryň kömegi bilen sesiňizi nädip üýtgetjegiňiz hakynda ýazdyk.

Call Voice Changer

Iň gowy işeleýänleriň arasynda 1  nji orny eýeleýän  Call Voice Changer, sesiňizi üýtgedip ses effekleri goşmagyda başarýar. Şeýlelik bilen ýagyşly ýerde gürleşýän ýaly töweregiňizde at, eşek, pil ýaly haýwanlaryň seslerini he, goşup bilýärsiňiz.

Programma aslynda tölegli. Ilki ulananyňyzda size kiçi bir demo wersiýasyny hödürleýän  Call Voice Changer, yz ýanyndan minudyna 3.50 m ýaly pul talap edip başlaýar.(eger satyn almak islesňiz, wisa kart gerekdir. Pulyny siziň telefonyňyzdan almaýar) Bu ýüzden programmany yzygiderli ulanarsyňyzmy, bilmeýäris. Ýöne demo wersiýasy bilen hem ýetişdigiňizden sesiňizi üýtgedip oýunlar edip bilersiňiz.

Android üçin ýükle

Iphone üçin ýükle


Funny Call / Minion Prank Call

 

Android we IOS-da tapawutly atlandyrylan Funny Call, bu üýtgeşikligi bilen bir tüýsli özüne çekiji. Şol bir programmist tarapyndan meňzeş maksat üçin  döredilen şol bir programmalar bolsada IOS üçin Funny Call atlandyrylan bu programma, Android üçin Minion Prank Call at berlipdir. Muňa garamazdan iki programmanyňda görnüşlerini hem meňzeşdir.

Dolylygyna mugt bolmaýan bu programma, ses effektleriniň diňe bir bölegini mugt ulanyp bolýar. Dowamyny ulanmak üçin bolsa ulyrak bir töleg etmeli bolýar. Şeýle gaty şekilde reklama peýda bolýar.

Android üçin ýükle

Iphone  üçin ýükle


FunCall

Garşydaşlaryna görä biraz yzda bolsada mugt şekilde hödürlän has köp effekleriň bolmagy netijesinde FunCall hem köpleriň tarapyndan ulanylýan programmalardan biridir. Ýene beýlekiler ýaly ses üýtgetme üstünde amatly işleýän bu programmabnyň, ses effektlerinden zyýada sesiňizi üýtgetme üsti bilen işleýändigini duýduralyň.

Ýöne Google Playda ulanyjy teswirleri gaty gowy diýip bilmeris. Biziň hem ulanyş deňemelerimiz has gowy bolmady. Muňa garamazdan programma hakynda has gowy teswirler bolmagyndan, karary özüňiz ýükläp baha bermelisiňiz.

Android üçin ýükle


Voice Changer Calling

Beýleki programmalar ýaly ses üýtgetmek maksady bilen işleýän Voice Changer Calling, sada görnüşi bilen ünsi çekýär. Programma gireniňizde garşyňyza sanlar we jaň etmek düwmesi çykýar. Jaň etme düwmesine basmazdan öň sag tarapdaky ses effektlerinden birini saýlamakda mümkin. Programmanyň üýtgeşik ýeri bolsa jaňlary WiFi üsti bilen etmek. Bu sebäpli hem sizden her jaňlaşyk üçin belli bir pul isleýär. 5. 10 we 20 dollar arasynda üýtgeýän nyrhlary ödemek isleseňiz, ýokary derejede jaňlaşyp bilersiňiz.

Android üçin ýükle


Call Voice Changer Allogagi

Boldygyça sadaja bir penjirä eýe bolan programmanyň üstünde basyp biljegiňiz diňe 3 bölüm bar. Voice Changer, Background we Effects. Voice Changer, jaňlaşyk wagtynda sesiňizi üýtgetmäge we bölümlerden birine getirmegiňize ýaraýar. Background bölümünde arka fona goýmak isledigiňiz sesleri sazlap bilýärsiňiz. Ýagny töwerekden maşynlar geçsin ýa-da futbol tarapdarlary sesleri gelsin ýaly effektleri saýlap bilýärsiňiz. Soňky bölümdede bu zatlary kontrol edip bilýärsiňiz

Bu programmany ulanmak üçin hem wagtyna pul tölemeli bolýarsyňyz. Ýöne gowy tarapy programmay ilkinji gezek ýükläniňizde size 1 minutlyk mugt gürleşmäge sowgat etýär. Şeýlelik bilen programmany deňäp. nähili işleýändigini görüp bilersiňiz.

Android üçin ýükle


Eger bir soragyňyz ýa-da düşünmeýän ýeriňiz bar bolsa Forumdan peýdalanyp bilersiňiz. Foruma gitmek üçin şu ýere basyň. https://forum.tsoltanov.com/

16,895 gezek okaldy