Täze batareýa näçe sagat zarýad bermeli?
5 (100%) 1 vote

Täze batareýa näçe sagat zarýad bermeli diýene sorag herkimiň jogaby tapawutlydyr. 8 sagatdan 16 sagada çenli hem zarýad edilmelidigini aýtýanlar hem bardyr. Bu dogrumy? Täze telefon ýa-da täze  batareýa näçe sagat zarýadda goýmaly?

Öndürüjilere görä telefony uzak wagtlap zarýad etmäge gerek ýok. Samsung-yň ulanyjylara beren duýduryşynda zarýadyňyz 100% bolanda we Zarýad doldy bildirişi gelende telefonyňyzy zarýaddan aýyryň çünki batareýalar zawoddan çykan mahaly şoklanyp  çykarylýar. Ýagny bolup biljek iň ýokary şekilde çykýar we öýde 16 sagatlap zarýadda goýup muny artdyrmak mümkin däl.

Täze telefonlarda Litýum ion batareýalar ulanylýar. Bu batareýalar hakynda biraz gözleg edip gyzyklansaňyz birnäçe ýoldan gorag üçin ulanylýandygyny görersiňiz. Bu batareýalar doly zarýadyny alanda, zarýad almagyny bes eder. Isledigiňiz şekilde zarýadda goýuň, Diňe Telefon elektrik bilen baglanşygyny öçürer.

Soragyň jogaby bolsa, täze alan telefonyňyz ýa-da batareýaňyzy uzak wagtlap zarýadda goýmagyňyz zerur däldir. 100% bolanda we zarýad doldy bildirişi gelende telefony zarýaddan aýyryň. Has uzyn zarýad berip, göwrümini artdyrmak mümkin däl. Telefon onsuz hem 100% zarýad bolanda zarýad almagy öçürer. Şuny barlaň, telefonyňyzy zarýada goýuň. Ýarym sagat 45 minut soňra ýa-da telefonyňyzyň zarýady 75% bolanda, zarýadnige eliňizi degiriň. Biraz gyzgyndyr. Has soňra 100% bolsun we telefon biraz zarýadda dursyn. 20 minut soňra gaýtadan zarýadnige eliňizi degiriň. Telefon zarýadda we zarýýadnik tokda bolsada sowukdyr. Çünki zarýadnik telefonyň zarýady 100% bolanda tok bermegini öçürendir.

Eger bir soragyňyz ýa-da düşünmeýän ýeriňiz bar bolsa Forumdan peýdalanyp bilersiňiz. Foruma gitmek üçin şu ýere basyň. https://forum.tsoltanov.com/

8,202 gezek okaldy