LINE-daky videolary nädip almaly?
5 (100%) 1 vote

LINE-daky videolary nädip almaly?  LINE-da paýlaşylan widelary telefonyňyza almak üçin jan çekýän bolsaňyz. Ýa-da gyzyklanýan bolsaňyz bu temany okap bilersiňiz.

LINE-dan wideo almak şeýlebir aňsatdyr. Bileniňizden soňra haýran galarsyňyz. Meniň näme üçin kelläme gelmedi diýip! (bilmeýänler üçin ýazyldy.)

Bellik: Käbirleri özüne bolan ynamyny gaçyrýar men oňarmaryn kyn bu zatlar diýip. Hiç hili kyn däl biraz jan etseňiz. Bir gezek eden bolsaň bolmadyk bolsa. Gaýtala hökman birinji gezek işi edeňde bolmaly diýen zat ýokdyr. Eger ýene-de bolmadyk bolsa. Alada galmaň Siz üçin ýörite Forum açdyk soragyňyz bar bolsa soraň diýip. Onsoň şo ýere girip islendik düşünmeýän zadyňyz bolsa soraň ýazyň. Hiç hili çekinmäňde. (Diňe bu tema degişli däldir. Ähli zada degişli)

LINE-daky wideolary almak üçin size gerekli bolan zatlar  Google Chrome Browser , LINEda paýlaşylan wideonyň linki we Timeline saýty

Gerekli zatlar hakynda gysgaça düşündüriş:

Google Chrome Browser Android telefonlaryň ählisinde bardyr. Programmanyň znagy şu şekildedir .

LINE-daky wideonyň linki bolsa köpimiz bilýändiris. Haçanda bir lenta girenimizde ýokarda sag tarapda 3 nokat bardyr şoňa basanymyzda menýu çykýar şol menýudada Kopirowat SSylka diýen ýazgy bar şoňa basanymyzda Lentanyň (Wideonyň) linkini  aldygymyz bolýar.

TIMELINE hem LINE-daky Lentanyň websaýt  görnüşi.

Dowamyna taýýarmyň geliň onda işe başlalyň.

Ilkinji ädim Telefonyňyzdan Google Chrome programmasyny açyň we şu saýty ýazyp giriň. http://timeline.line.me

Saýta üstünlükli gireniňizden soňra suratdaky ýaly sahypa açylar.

login

Siz LOGIN diýen düwmä basyň. (Bellik bu işler bir gezeklikdir. Soňra wideony islendik mahalyňyz güýmenmän alyp bilersiňiz LOGIN etmän alyp bilersiňiz) LOGIN basanyňyzdan soňra suratdaky ýaly dialog çykar siz LINE-da goýup Tolko basyň.

linedagoy

Basanyňyzdan  soňra yz ýanyndan ýene dialog çykar siz Google Chromeda goýup Wsegda basyň.

chromdagoy

Üstünlikli Timeline sahypasyna gireniňizden soňra aşakdaky ýaly öz lenta sahypaňyz açylar.

timeline

 

Soňra LINE programma giriň we Haýsy lentadan Wideo aljak bolsaňyz. Şol lentanyň Linkini kopiýalap alyň. (Bellik ilki wideo aljak Akkoundyňy druzýaňyza goşuň) Kopiýalamak üçin aşakdaky surata serediň.

linkkopyala

Ssylkany kopiýalanyňyzdan soňra, ýaňky Google Chromea giriň we ýokarda saýt ýazylýan ýere öňki duran ýazgyny pozup ýaňky kopiýalan ssylkaňyzy wstawit ediň we enter düwmesine basyň. Basanyňyzdan soňra Aljak wideoňyzyň lentasy açylar. Siz suratdaky ýaly sanlar bilen yzarlaň.

1.Bu ýerdäki ýazgyny pozuň we boşluga basyp saklaň we wstawit diýen düwme çykar şoňa basyň.

2.Ortada duran PLAY düwmesine basyň wideo başlaýança garaşyň.

linkyaz

3.Wideo başlar welin  wideoň aşagynda şunyň ýaly şekil çykar    şoňa  basyň.

yukle

 

4. düwmä basanyňyzdan soň yz ýanyndan Skaçat düwmesi çykar şoňa  basyň.

skajat

Şeýlelik bilen wideony telefonyňyza ýükläp bilersiňiz. Bu çözgüdi doly öwrenen bolsaňyz, arkaýyn islendik wideolaryň linkini alyp Google chromeda açyp ýokardaky ýaly telefonyňyza ýükläp bilersiňiz.

 

BELLIK: Käbirlerinde TIMELINE sahypasy açylmazlygy hem mümkin. Olar üçin indiki temalarymyzda başga çözgüt taparys.

Eger düşünmedik ýeriňiz bar bolsa jogap alasyňyz gelýän bolsa forumdan peýdalanyp bilersiňiz. http://forum.tsoltanov.com

12,075 gezek okaldy