LINE@ hasabym sebäpsiz ýapyldy!
5 (100%) 1 vote

Soňky wagtlarda LINE@ hasaplary öz özünden ýazpylyp başlady. Munuň sebäbi başga biri tarapyndan siziň hasabyňyzy erbet niýet bilen ulanýar diýip şikaýat edenligidir. Gynansakda herkimiň bir duşmany bolýar. Indi bu tebigy boldy. Eger LINE@ hasabyň bar bolsa we ýokary derejede ösüp barýan bolsa onda garşydaşlaryň görüpçilik edip ýapdyryp biler ýagny töhmet edip :). Ýapylan ýagdaýynda yzyna almak üçin bu temany hökman oka!

LINE@ hasaby ýapylanda aşakdaky ýaly bolýandyr.

Nädip yzyna almaly? 

LINE@ yň hem özüne degişli ulanma düzgünleri kanunlary bolýar. Eger ýapylan hasabyň şol kanunlardan çykmaýan bolsa, Ýagny hasabyňda öň +18 ýa-da başga bir LINE ulanyjylaryna zyýan ýetirmedik bolsaň, yzyna alyp bilersiň.

Yzyna almak üçin LINE@ hasabyň idini, adyny, registrasiýa edilen email salgyny, telefon nomeri dogry ýazmalydyr, ýogsa yzyna alyp bilmersiňiz.

Ilki bilen https://contact.line.me/ saýtyna giriň we formy suratdaky ýaly dolduryň. Öz hasabyňyza degişli maglumatlary ýazyň.

1-nji bölüme Android> LINE@> Accounts&Login> Other şu şekilde goýuň.

2nji bölüme öz eliňizde bolan email salgyňyzy ýazyň. Jogabyňyz şu ýere ýazan email salgyňyza gelýändir.

3-nji bölüme LINE-da registrasiýada ulanan maglumatlaryňy ýaz. Haýysy ýurtda registrasiýa eden bolsaň Şol ýurdy ýaz. LINE registrasiýada ulanandygyň nomeriňi ýaz. LINEa birikdiren email salgyňy ýaz.

4nji bölüme Ýapylan LINE@ hasabyň idini ýaz.

5nji bölüme LINE@ hasabyň adyny ýaz

6nji bölüme LINE@ hasabyň adyny ýaz

7nji bölüme bolsa şu ýazgyny ýazyň:

Our official account can not log in and all posts disappear. We do not break the rules and policies of  LINE@ such as creating false accounts,  p*rn0grafi, s4ra, Sell Online account, stickers, Spam, etc..
 
If there is a violation please inform us the violating pages so that we can remove and repair. Please keep our accounts restored. thank you

Ähli zatlary ýazanyňyzdan soňra Sent düwmesine basyň. Size 24 sagadyň içinde LINE-dan jogap geler. Eger LINE@ hasabyňyzda LINE@ kanunlaryndan çykmaýan zat ýok bolsa hasabyňyz yzyna geler.

Bellik: Eger düşünmedik ýeriň ýa-da başga soramak isleýän zadyňyz bar bolsa Foruma giriň we soraň.

Foruma girmek üçin : https://forum.tsoltanov.com/

6,967 gezek okaldy