Flash Sd Hard diskler
4.5 (90%) 2 votes

Eger-de ulanyp ýören hard diskiňiz ýa-da flash we sd (çip) format soran ýagdaýynda ýada başga bir sebäpli işleman ýagdaýynda. Ilki kompýuterden check disk ediň.

Check disk näme?

Check disk kompýuterde cmd konsolynyň üsti bilen işleýän buýrukdyr. Ýagny siz bozuk hard diskiňizi ýada başga Pametli enjamlaryňyzy barlamak we düzetmek üçin ulanyp bilersiňiz. Check disk  diňe käbir näsazlyklaryň öňüni alyp biler. Meselem Hard diskiňizi işläp durka birden tokdan aýyrdyňyz. Soňra dakanyňyzda format soran ýagdaýynda ýa-da işlemän ýagdaýynda Check diskiň üsti bilen düzetme mümkinçiligiňiz bar.

Nädip barlamaly?

Ilki bilen kompuýuteriňize hard diskiňizi (çip, Fleshka)  usb arkaly birikdiriň. Soňra kompýuterden cmd konsolyny Administrator rugsady bilen açyň.

Acanyňyzdan soňra  chkdsk ýazyň yzyndan bir boşluk goýup barlamak isleýän diskiňiziň harpyny ýazyň, soň dikleýin iki nokat ýazyň yzyndanam  /f şuny ýazyp (Şu şekilde: chkdsk E: /f  E harpyň ýerine barlamak isleýän diskiňiziň harpyny ýazyň)  enter düwmesine basyp işlediň we dolýança garaşyň dolandan soňra hard diskiňiz üstünlikli işläp başlar.

 

 

6,727 gezek okaldy