Androidda wirusdan nähili halas bolmaly?
5 (100%) 1 vote

Soňky wagtlarda giňden ýaýran şu wirus/ Telefonymyza öz özi programmalar ýükleýär. Haçanda internedimizi açanymyzda telefona agyrlyk düşüp doňmaga başlaýar we ähli internet MB iýip gutarýar. Ekranyň ýüzüne kiçi dialog şeklinde reklamalar çykýar. Bu ýagdaýdan halas bolmak üçin 100% 2 sany çözgüt bar.

1-njisi Telefony Kompýuter üsti bilen täzelemek (Proşiwka) – Bu telefonyňyzyň içindäki ähli maglumatlary pozýar hatda sistemny faýllara çenli pozýar we ýerine täze faýllaryny ýükleýär. Bu wirusdan halas bolmak üçin Hard reset edeniň peýdasy ýokdyr. Çünki Hard reset diňe biziň öz ýygnan maglumatlarymyzy we sazlamalary pozýar. Wirus bolsa telefonyň sistemny faýllarynyň arasyndadyr. Şonuň üçin Kompýuter üsti bilen Proşiwka ediň. Nädip proşiwka etmeli diýän bolsaňyz şu temany okaň! https://blog.tsoltanov.com/odin-bilen-android-telefony-update-etmek/

2-nji çözgüt bolsa telefonyňyzy root edip Ghost Push Trojan Killer atly programmanyň kömegi bilen arassalamak.

Eger 100% dereje şol wirusdan halas bolmak üçin programmany root bilen işlediň. Root ýüklemän göni arassalatsaňyz hem käbir wiruslardan sizi halas eder. Ählisinden halas bolmak üçin telefonyňyzy rootlaň(https://blog.tsoltanov.com/kingo-root/) we soňra programmany işlediň.

Programmany nähili ulanmaly?

Programmany google playdan alyň. Telefonyňyza ýüklenenden soňra açyň. Eger telefonyňyzda root bar bolsa garşyňyza göni root rugsat ber diýip çykar siz rugsat berip dowam ediň. Programma açylandan soňra garşyňyza Scan düwmesi çykar siz diňe şoňa basyň we arassalaýan wagtynda soňuna çenli programmadan çykman garaşyň. Wiruslary tapan ýagdaýynda siz KILL düwmesine basyň Kill basan ýagdaýyňyzda garşyňyza Администратор устройства atly sahypa açylanda siz  şol sahypanyň aşagynda duran Выключить düwmesine basyň. Wirus sizden rugsatsyz siziň telefonyňyzyň admin paneline hem geçdigini aňlatýar. Şeýlelik bilen telefonyňyzdaky wiruslardan halas bolup bilersiňiz.

Programmany şu ýerden alyp bilersňiz

9,237 gezek okaldy