Aliexpress APP-dan haryt almak
5 (100%) 1 vote

Aliexpress APP-dan haryt almak/Geçenki Aliexpress  hakynda açylan temalarymyzda bu sistemden nähili satyn almalydygy barada düzgünleri bilen tanşypdyk. Bu temada Aliexpressiň Telefon üçin niýetlenilen programmasynyň üsti bilen nähili almalydygyny gysgaça belläp geçeliň. Programma IOS we Android üçin Appstorede we Google Playda bar.

Programmany ilki alanyňyzda garşyňyza meşhur we köp satylan harytlar çykar. Siz almakçy bolýan zadyňyzy göni ýokarsynda gözleg ýeri bar şo ýere rusça ýada iňlisçe gözledip tapyp bilersiňiz. Haçanda tapan wagtyňyz ünsli boluň satyjynyň ballaryna serediň, harydy satyn alanlar nähili baha beripdir oňa serediň. Alyjylar gowy baha beren bolsa siz hem alyp bilersiňiz. Onsoňam satyn alýan mahalyňyz howlukmaň. Belki aljak harydyňyz başga ýerde arzan bolmagy mümkin. Şoň üçin aljak hardyňyzy gowy edip gözlaň her tapan haryrdyňyzyň satyjysynyň ballaryna we alyjylaryň pikirlerine üns beriň.

Aşakda gysgaça nähili almalydygy hakynda:

Aljak harydyňyzy tapanyňyzdan soňra üstüne basyň we Suratda görkezilen ýere basyň.

Soňra aljak hardyňyz barada sahypa çykar. Siz harydyňyza görä reňkini we başga saýlanýan zatlary özüňize gör saýlaň we dowam ediň.

Bu ýerde hem 1nji bölüme öz adresiňizi ýazyň. 2-nji ýere basyň we Elektron kartyňyzy goşuň. (Eger elektron kartyňyz ýok bolsa ýerine başga internet gapjyklaryny ulanmakçy bolsaňyz 2-nji bölüme hiç zat ýazman göni dowam ediň. soňraky sahypada beýleki internet gapjyklar geler şolaryň arasynda özüňe laýygyny tapyp goşup bilrersiňiz) Soňra görkezilen ýere basyň. Şeýlelik bilen harydy sargadyňyz. Soňra Programmanyň menýusyndan sargyt edenlerim düwmesi bar şo ýerden harydyňyzyň ýagdaýyny öwrenip bilersiňiz.

Ýokarky suratda 2-nji bölüme basanyňyzda şu dialog çykýandyr. Bu ýere Elektron kartyňyzy goşup görkezilen ýere basmalydyr.

Android üçin Ýükle

IOS üçin ýükle

6,409 gezek okaldy