Email hasap hakynda
5 (100%) 4 votes

Häzirki wagtda köp kişi email hasaplary bilýändir. Emma bilmeýänlerimizem az däl. Bu temada email hasap hakynda gysgaça agzap geçmekçi!

Email näme?

 

Email internet üsti bilen garşy tarapa hat, aýdym, faýl, wideo we birnäçe maglumatlary ugratmak üçin ýa-da habarlaşmak üçin ulanylýan elektron poçta sistemidir.

Garşy tarapa nähili ugratmaly?

Garşy tarapa ugratmak üçin hem garşy tarapyň email salgysy bolmalydyr.

Email nähili bolýar?

Email görnüşi ilki siziň registrasiýada ýazan adyňyz yzyndan @ şekili we ondan soň bolsa email salgyny haýsy ýerden registrasiýa eden bolsaňyz şol sistemiň ady durýar. Meselem: mähri@gmail.com siziň email poçtaňyz şu şekilde durýar. @ şekiliň öňüne islän adyňyzy ýazyp bilýärsiňiz. gmail.com bu Google hyzmatynyňky bolup durýar. Isleseňiz siz Yandex Outlook  Mail.ru ýaly başga sistemlerden hem özüňize email hasabyny alyp bilýärsiňiz, Ady agzalan bu sistemler ulanyjylaryna mugt hyzmat edýärler.

Email hasaplary başga nirelerde ulanyp bilerin?

Email hasabyň bilen käbir oýunlarda Sosiýal programmalarda LINE-da we başgada birnäçe ýerlerde ulanyp bilersiňiz!

Email hasap nähili açmaly?

Email hasap açmak üçin size gysgaça ädimler görkezmekçi.

Ilki bilen şu salga giriň. GMAIL Register  Size Google email hasabyny açmagy görkezýäris.

Ýokardaky salga gireniňizden soňra suratdaky ýaly sahypa açylar.

1-nji Bölüme Adyňyzy we familiýaňyzy ýazyň. Bu ýere ýazanyňyz Garşy tarapa görünýändir.

2-nji Bölüme email salgyňyzy nähili görünmegini isleýän bolsaňyz şony ýazyň. Mysal üçin adyňyz1991@gmail.com . Haçanda biri size email üsti bilen maglumat ugratmakçy bolanda şol salgyňyzy bermeli.

Soňra aşak gaýdyp email hasabyňyz üçin parol döretmeli. Bu ýere ýazan parolyňyzy haçanda poçtaňyza girmekçi bolan ýagdaýyňyzda ulanmalydyr.

1-nji Bölüme parolyňyzy ýazyň içinde iň az 1 san bir hem Baş harp goýuň. Parolyňyz iň az 8 semwol bolmalydyr.

2-nji Bölüme 1-nji bölümde nähili parol ýazan bolsaňyz ony hem 2-njä ýazyň.

Parolyňyzy ýazanyňyzdan soňra aşak gaýdyň we käbir maglumatlaryňyzy ýazyň.

1-nji Bölüme Doglan senäňizi ýazyň.

2-nji Bölümd Jynsyňyzy saýlaň.

3-nji Bölüme Telefon belgiňizi ýazyň.

4-nji Bölüme Eger maşgalaňyzda birinde email salgy bar bolsa şonuň salgysyny ýazyp bilersiňiz. Bu nämä gerek? Eger-de email hasabyň parolyny unudan ýagdaýyňda ýa-da başga sebäpli ýagdaýda yzyna almak üçin kömekçi bolup durýar. Isleseňiz ýazyp bilersiňiz.

5-nji Ýurduňyzy saýlaň.

6-njy Düwmä basyň.

Soňra Kabul et diýen düwmä basyň, Şeýlelik bilen email hasabyňyzy açyp bilersiňiz.

Email hasabyňyzy telefonyňyzdaky Gmail programmasyna giriň we ulanyň.

Gmail programmasyna ýazmaly zatlaryňyz bolsa email salgyňyz bilen parolyňyzdyr.

 

2,733 gezek okaldy