LINE-da stiker satyn almak
5 (100%) 1 vote

LINE-da stiker satyn almak üçin size wisa ýa-da master kart gerekdir. Kart alanyňyzdan soňra stikeri satyn almak üçin line-dan monet almalysyňyz. Monet almak üçin aşakdakylary yzarlaň.

Ilki bilen LINE sazlamalaryna giriň we Monety ýazgysyna basyň.

Soňra aşakda görşüňiz ýaly Zagruzit düwmesine basyň.

Soňra bolsa näçelik monet aljak bolsaňyz saýlaň we sag tarapyndaky ýaşyl düwmä basyň.

Onsoň eliňizdäki kartyňyzy goşuň. Goşmak üçin aşakda görkezilen Dobawit düwmesine basyň we Kartyňyzyň nomerini we beýleki soraýan zatlaryny ýazyň we OK düwma basyň.

Kartyňyzy goşanyňyzdan soňra göni aşakdaky ýaly penjire açylar siz Kupit basyň. Şeýlelik bilen Stiker almak üçin monetiňizi hasabyňyza geçirdigiňiz bolýar. Onsoň haýsy stikeri satyn almak isleseňiz girip göni satyn al düwmesine basmagyňyz ýeterlidir.

 

Eger Kart tapyp bilmeýän bolsaňyz Stiker satýanlardan alyp bilersiňiz. Bellik Stikerleriň 2 dürli bahasy bardyr Biri 50 monet beýlekisi 100 monet, 50 monet türkmen manadyna geçirilende 2,60 manat. 100 monet bolsa 7,17. Stiker satýanlar üstünden hökman peýda göraýmelidir ýagny azap hakyny.

Diýjek bolýanym. Arada bir ýalňyşlyk gördüm we öňüni almak isleýärin. Türkmen stikerlere aýry aýry bahalar goýlup satylýan eken. Ýokarda aýdyşym ýaly Stikerleriň  bahasy iki dürlidir 50ligi 5m 100ligi 10 manada almak üçin talap ediň (bu nyrh iki tarap üçinem has amatlydyr)  we biri biriňizi goldaň. Elbetde herkimiň elinde bir gün öz karty bolar. Şonuň üçin Satýanlar hem alýanlar diňe stikerde dälde ähli ýerde birek biregi goldaň, kömek ediň. Herkim özi üçin işlese diňe özi galar. Birek birek üçin işläň ýabanylaryň gözi gitsin agzybirligimize.
tazeden barla

12,311 gezek okaldy