LINE #2
5 (100%) 2 votes

LINE hakynda birnäçeler.

1.LINE howpsuzlygy

Egerde LINE-da size tanamaýan kişileriňizden şulara meňzeş linkler gelse asla girmeli dälsiňiz (https://line.me/R/au/q/jiSuZsHvoDWBbWCy   https://line.me/R/au/q/irVN3FspjtX9jJ8I7jm  ) Gelen ýagdaýynda girmänkäňiz ünslije serediň. Eger linkiň içinde au ýaly söz bar bolsa bu diýmek siziň LINE hasabyňyzy ele geçirmek isleýändir. Haçanda ýokardaky linklere meňzeşlere giren ýagdaýyňyzda garşy tarap hem siziň LINE hasabyňyzdan girip bilýändir, Giren ýagdaýynda siz LINE sazlamalaryna girip garşy tarapdan çykyp bilersiňiz. Onuň üçin şu ýere giriň line://nv/settings/account  Garşyňyza aşakdaky ýaly LINE sazlamalary çykar. Eger ýene ýalňyşyp linke giren ýagdaýyňyzy öňüni almak üçin Allow login diýeni bellijekden aýyryp öçürüň. Munuň peýdasy haçanda siz linke gireniňizde hem erbet niýetlileriň eline geçmersiňiz. Linke giripde garşy tarapdan LINE ulanylýan bolsa. Onda ýaňkyň aşagynda duran Devices giriň we Выйты Close düwmesini görseňiz basyň. Eger ýok bolsa howsala düşmäň. Hiçkim girýän däldir.

Başgada link (https://apps.facebook.com/pzloama/?app=5d41402abc4b2a76b9719d147&i=)  ugradyp şu ýere login parolyňy ýazsaňyz LIKE köpelýär ýaly sözlere aldanmaň. Eger Login parolyňyzy aldyran ýagdaýyňyzda wagt ýitirmän LINE parolyňyzy üýtgetmegi unutmaň. Aljyraman LINE sazlamalaryna giriň https://line.me/R/nv/settings/account we Email atly bölüme girip Zamenit parol ýazgysyna basyň we parolyňyzy üýtgediň.

2.Haçanda LINE-da paýlaşylan wideolary seredeniňizde olary telefonyňyza alýanyňyzdan habaryňyz barmy.

 

LINEda paýlaşylan wideolara sereden wagtymyzda awtomat şekilde telefonymyza ýüklenýär. LINE bukjasynda keş bolup saklanýar. Bize görünmeýär. Haçanda lentadaky bir wideony almakçy bolsaňyz ony doly serediň. Soňra bolsa Telefonyňyzdaky Faýly (ýagny ähli maglumatlaryňyzyň durýan ýerine giriň)  we Android bukjasyny tapyň soňra Data>jp.naver.line.android>cache>mm  şu ýol bilen yzarlap gireniňizde aşakdaky ýaly köp garyşyk hatly faýllar görjeksiňiz. Soňky sereden wideoňyz birinji durýandyr. Faýlyň üstüne basyň we adyny üýtgetmek menýusyna girip ýazgynyň iň soňyna nokat goýuň we mp4 ýazyp OK basyň. Şeýlelik bilen Sereden wideoňyza gowşup bilersiňiz. Olaryň hemmesi wideo däldir. Haýsy wideo bolsa göni nokat goýanyňyzda ýazylýandyr. Eger nokat goýjak bolanyňyzda 50 karakterden köp bolmaz diýen ýazgysyny görseňiz. Yza çykyp başgasyny deňäp görüň. Ol wideo däldir. Wideony doly almakçy bolsaňyz başda doly serediň ýogsa wideonyň yzy görünmez. Ýagny siz nirä çenli sereden bolsaňyz şoňa çenli alyp bilersiňiz.

 

 

7,706 gezek okaldy