Fotografik ýat, her bir adamyň az-owlak çalşyp eýe bolup biljekligi bir ukypdyr. Her ynsan doguşdan fotografik ýada eýe bolup bilmez. Ýatkeşligi berkitmegiň iň gowy ýoly, ýadyňyzy güýçlendirmek üçin kömekçi bolan her ýoly barlamalydyr.

Bu ýazgyda, ýatkeşligiňizi berkitmek üçin kömekçi boljak iň gowy 5 guraly taýýarladyk.

 

Sans Forgetica

Bilim ynsanlary has gowy ýatda saklamak üçin belliklerimizi el bilen ýazmagymyzy maslahat berýärler. Häzirki günde ýazgy ýazmak üçin adatça klawaitura ünsümizi berýäris. RMIT Uniwersitetinde ylmy barlagçylar, bellik eden ýazgylarymyzyň ýatlamasyny aňsatlaşdyrmak üçin ýörite bir font döretdiler.

Sans Forhetica bilkastlaýyn okalmagy agyr bolar görnüşde işläp düzülendir.  Kynlyk bilen okamaga zerur eden, beýni ýazgymyza has köp  üns bermäge we maglumaty ýokary netijeli görnüşde ýatda saklamaga kömekçi bolýar.

Sans Forgetica-ny OpenFont faýly görnüşinde ýükläp bilersiňiz. Eger bir word faýldaky goşgy ýa-da başga uzyn bolan maglumatlary ýatdan çykmajak şekilde ýat tutmakçy bolsaňyz Sans Forgetica-ny word faýlyňyzdaky font bilen çalşyň.

Memorize By Heart

Mekdep bize öwrenmegimiz wajyp bolan maglumatlary ýat tutdurýar. Emma öwrenmegiň iň gowy ýoly bu däldir. Ýatda saklamagyň bir peýdasy, bir gürrüňde ýa bir oýun mahalynda bolýar. Memorize By Heart atly programma siziň üçin peýdaly boljakdygyny çaklaýan bir akymy awlar.

Mazmuny programma geçiriň. Bu mazmun programma tarapyndan tekste öwrüljekdir. Programma, harplary we sözleri aýryp her sözüň birinji harpyny galp edýär we hatda söz hataryny çalşyp ýatkeşligiňizi güýçlendirmegiňize kömekçi bolýar. Täze diller öwrenmek üçin hem ulanyp bilersiňiz. Programma 142 dile goldaw berýär.

Hibou

Hibou, internetde üýtgeşik tapan zatlaryňyzyň ählisini bellik etmegiňize, bellik eden maglumatlaryňyzy bolsa islän wagtyňyz gaýtalamaga mümkinçilik berýän Chrome pluginidir. Bellik eden her haýsy tekstiňiz , Hibou-yň “review queue” bölümine goşular.

Kesgitli aralarda gaýta etmegi bir endik halynda getirip, web-däki özüňize gerek bolan maglumatlary ýatda saklap bilersiňiz. Şeýlelik bilen bu ýagdaý, ýadyňyzy berkitmäge kömekçi bolar.

Peak

Beýin gimnastik oýunlary gönüden işe ýaraýarmy? Peak iň populýar beýin gimnastik oýunlaryndan biridir. Peak-de ýat, üns, mesele çözme we döredijilik endikleri ýaly barlag eden garyşyk bir oýun kolleksiýa tapylýar.

Peak-de görkezilen harplardan sözlem düzmegiňiz, sütünlerdäki we setirlerdäki sanlara görä boşluklary reňklemegiňiz ýa-da belli bir duýgulary görkezen ýüzlere basmagyňyz gerek bolup biler. 35-den köp oýun, her kategoriýadaky ukybyňyz üçin statistikiler we gazanyp boljak üstünlikler bardyr.

Revere App

Iň ýygy görlen utançlardan biri, biriniň adyny ýa-da nirede tanyşdygyňyzy unutmakdyr. Revere App, tanyşan kişileriňiz hakynda bellik alyp we şol kişiniň ähli gerekli maglumatlarynyň bazasyny tutmagyňyza kömekçi bolar. Şeýlelik bilen  Revere App, şunyň ýaly ýagdaýlarda kömegiňize geler we utanmagyňyza garşy bolar.

Aýratyn-da, Revere App tanaýanlaryňyzyö ýörite günlerini unutmazlygyňyzy üpjün etmek üçin bildirişler ulanýar.

 

Tema hakynda soragyňyz bar bolsa Sorag Jogap programmasyndan peýdalanmagy unutmaň.

Sorag Jogap Android: https://play.google.com/store/apps/details?id=com.ts.soragjogap

Sorag Jogap iOS: https://apps.apple.com/us/app/sorag-jogap/id1461182264

Sorag Jogap Web: https://forum.tsoltanov.com

10,491 gezek okaldy