Salam Öwrenmeli saýtynyň hormatly okyjylary. Men Öwrenmeli saýtynyň ýazyjysy Ilhan Dowranow. Men bu günki mowzugymda ýene-de Windows hakda durup geçjek. Bu mowzugymda men size Windows-daky “Корзина” gutusyny ekrandan aýyrmaklygy ýa-da ony bütinleý öçürmekligi öwretjek. Windows ulanýan ulanyjylaryň käbirsi ekrandaky “Корзина” gutusyny aýyrmaklygy isleýärler. Bilşimiz ýaly “Корзина” gutusyna öçürilen faýllar iberilýär. Ol faýllar bolsa, bu gutuda wagtlaýynça saklanylýar. Eger biz “Корзина” gutusyny dolulygyna öçürsek, onda öçürilen faýllaryňyz göni kompýuteriň ýadyndan ýiter.
“Корзина” gutusyny baş penjireden aýyrmak.
- Ilki bilen biz “Панель Управления” bölüminden, “Персонализация” bölümini açmaly. Täze açylan penjireden “Параметры значки рабочего стола” bölümini açmaly.
2. Täze açylan penjirede “Корзина” diýip ýazylan bölekdäki belgijigi aýryň we “OK” düwmesine basyň.
3. Netijede, baş penjiredäki “Корзина” gutujygyny ýitirim bolar.
Baş penjireden aýrylan gutujyga girmek üçin penjiräniň adres ýazylýan ýerine ” C:\$Recycle.bin\Корзина\ ” diýip ýazyň we “Enter” düwmesine basyň. Netijede gutujyk açylar.
Windows 10 -da bolsa Prowodnik bölümine giriň we ýokarda çep gyrada gök ýyldyzjygyň şekiljigine basyň. Şol ýerden “Корзина” gutujygyna girip bilersiňiz.
“Корзина” gutujygyny bütinleý öçürmek.
- “Корзина” gutujygyny bütinleý öçürmek üçin Win+R kombinasiýasyny ýerine ýetiriň. Täze açylan penjirede gpedit.msc diýip ýazyň we “Enter” düwmesine basyň.
2. Täze açylan penjireden şu aşakdaky yzygiderlikde bölümleri açyň: Конфигурация пользователя —> Административные шаблоны —> Компоненты Windows —> Проводник
Bu yzygiderlikde bölümleri açanyňyzdan soňra, penjiräniň sag gapdalynda «Не перемещать удаляемые файлы в корзину» diýen bölümi açyň we «Включено» diýen buýrugyny belgiläň we “OK” düwmesine basyň.
Netijede biziň “Корзина” gutujygymyz bütinleý kompýuterimizden ýitirim bolar.
BELLIK. Bu buýruklaryň ählisi Windows 10 operasion sistemada ýerine ýetirilen.
Tema gyzyklymy? Pikirleriňi teswirlerde görkez!
Jemi 9,700 gezek okaldy, Şu gün 4 gezek okaldy
Windows 7 edip bolmaýamy
Edip bolya
ok
Gowy
Has peydalyragyna garashyas sizden @Admin. Bu zatlary mekdep okuwcysam bilyara. Yaman gorman gonulap aydanyma.
Admin men tel-imde WCDMA gecilyan nastroyka yok name edip bilerin?
Admin IPHONEDE (AYKLAWDY) NADIP ayrmaly Yagny MARKETDAN zat alsam (AYKLAWDA) dusya Soll barada maglumatt Yazaynnda Kynn gormeseniz
Näbelli kişi…
WCDMA gechmek uchun shu kody ulanyp gor. *#*#4636#*#*
Admin birzat soramakcy?
Kompyuterde gerekli wideolar ocup gitdi 1yyl bolup gele ocup giden wideolaram korzina cykanok ony nadip cykaryp bolyar kyn gormeseniz jogap berseniz?
salam
salam mana 2018 in Kaspersky lab antiwirusy gerek безплатны isleyani
jogabynyza garasyan
karzinany yzyna gaytaryp alyp bolyany osan kyn gormeseniz nadip? aydayyn
sorap otyn jogap berjekmi shy saydyn admini bolsan Ilhan
aktirowat windowsy owretsene admin
sul antiwiruslaryn haysysy güycli
alo
Sagboluñ