Häzirki döwürde adamlaryň arasynda surata düşmek esasan-da selfi çekmek köpçülikleýin gyzyklanma öwrüldi.Haýsyda bolsa bir telefon kamerasynda surata düşmek üçin mümkin bolan gowy netijeleri almakda öwrenmeli käbir zatlarymyz bar.Telefonlaryň käbirleri ýeterli ýagtylykda takyk suratlary alsa-da, ýagtylygyň pes wagtynda islenilen netijäni bermeýär we akylly telefonlara berýän pulumyza görä-de onuň surata düşürijilik ukyby üýtgeýär.

Beýleki tarapdan soňky wagtlarda ýygy-ýygydan çykyp başlan 2-3 kameraly telefonlar hem surata düşürijilik işini üýtgeşik ýagdaýa getirýär.Bular has takyk surata düşürijilik işi bilen beýlekilerden tapawutlanýar.Surata edil fotoapparatda ýaly düşmek üçin taýýarlan usullarymyzy geliň öwreneliň!

  • Surata düşmezden ozal kameranyň aýnasyny (linzasyny) arassalaň.

C:\Users\begench\Desktop\20190917_192520.jpg

Bu birhili gülkünç hem gelip biler.Edil ulanýan äýneklerimiz hapa bolanynda olary arassalap görenimizde başgaça bolşy ýaly, kameralar üçin hem şeýle bolýar.Käbirlerimiz muny ýatdan çykarýarys.Telefonymyz her ýere ýanymyz bilen gidýär we kamera linzalary barmak yzy, kir we başga zatlardan hapalanyp bilýär.Surata düşüreniňizde kähalatda muny duýman bileris.Arassalanan linzalar saýasynda has gowy suraty alyp bileris.

Bu, selfiçiler üçin has-da gereklidir, sebäbi telefony hergün ellerimiz bilen ulanýandygymyz sebäpli onuň ekran böleginiň hapa bolmak ähtimallygy uly.Öň kameralar adatça yz kameralara görä pes hile eýe, bu sebäpden olary arassa saklamak zerur.

  • Setka mümkinçiligini peýdalanyň.

C:\Users\begench\Desktop\20190917_192540.jpg

Suratçylyk sapaklaryny alanlara ilki bilen öwredilen zatlardan biri üçler düzgüni.Bu düzgüne görä şekile seredenimizde ekrany 9 sany deň böleklere bölmeklik islener.Bu usul saýasynda aljak suratlarymyz dogry kompozisiýada düşüriler.Setka ulanma usulyna görä suratda adamyň beden bölekleri kesişme çyzyklarynda ýerleşdirilmeli. Setka mümkinçiligini açmak üçin камера>настройки камеры>сетга yzygiderligini dowam etdiriň.

  • Yşyk (вспышка).

C:\Users\begench\Desktop\11029bf7ff4d2b106f6e075604ea2f84c6336a97.jpeg

Suratyň düşürilişinde esasy ulanylýan zatlaryň biri goşmaça yşyk.Häzirki wagtda bular akylly telefonlaryň käbirlerinde ekranda selfide peýdalanmak üçin hem goýulýar.Garaňkylyk wagty bu mümkinçiligi peýdalanmak has-da özüne çekýär.Yşyk esasan parlaýan ak reňkli ýagtylygy bilen düşen her zadyny ýagtylandyran bir sistema we ýakyn aralykda surata düşürmekde gowy netijeleri bermän biler.Şonuň bilen birlikde, uly ýere ýagtylyk berip suraty ýagtylandyrar ýaly güýçli däl.Munuň ýerine surata düşjek ýeriňizi üýtgetmek gowy bolar.

  • Kiçi ştatiw alynyň.

C:\Users\begench\Desktop\7c6c36ebb963685e6c1e01bcde5f4a112154d614.jpeg

Eger-de siz hakykatdan-da surata düşme haýrany bolsaňyz size kiçi ştatiw almak maslahat berilýär.Bu selfi taýagyndan has tapawutly haryt.Suratçylykda titremäniň öňüni almak esasanda haýal düşüljek ( wagt goýup düşme) suratlarda size zerur bolup biler.Bulary esasan telefon dükanlaryndan alyp bilersiňiz.

 

Bu usullary göz öňünde tutup bir programma ýa-da ştatiw ýaly aksessuar bilen has-da gowy hilli suratlary düşürip bilersiňiz.

Belkide surata düşmekde özüňiziň hem tejribäňiz bardyr.Biz ýöne käbir zatlary öwredili diýdik.Hemmäňize üstünlik!

Taýýarlan:Begenç Mälikgulyýew

6,837 total views, 24 views today