Umuman Imo Messengere girmek üçin hökmany ýagdaýda bize telefon belgisi gerekdir. Bu gün elimizde telefon belgisi ýa-da sim kart ýok bolsa nähili Imo Messengeri ulanmagy öwreneliň.

Imo-ny telefon belgisiz ulanmak üçin aşakdaky ädimleri ýerine ýetireliň.

  1. Eger telefonyňyzda öň Imo registrasiýaly bolsa, Imo programmany telefonyňyzdan bozuň we täzeden gurnaň.

Imo-ny sim kartasyz ulanmak üçin ilki özümize internet üsti bilen telefon belgi alalyň. Telefon belgiler internetde çeşmeleri gaty köpdir, her göreniňizi ulanmazlygy maslahat berýärin. Çünki ynamly bolman biler. Mysal ynamly bolmaýan çeşmelerden imo hasap açan ýagdaýyňyzda başga biri hem şol telefon belgiden imo hasap açyp biler şeýlelik bilen siziň kontaktdaky dostlaryňyz başgalaryň hasabyna geçer.

Size telefon belgi almak üçin Textnow atly serwisi ulanmaklygy maslahat berýärin. Textnow programmasy her bir registrasiýa bolan kişä Kanada we USA-dan size telefon belgisi berýär. Eger telefon belgini alanyňyzdan soňra aktiw ulanmasaňyz telefon belgiňiz ýapylýar. Ýapylmazdan öň size bildirýär. Eger bildirişi görseňiz textnowdan programmasynda azyndan üç kişä sms iberseňiz telefon belgiňiz ýapylmaz wagty uzalýar. Telefon belgiňiziň ýapylmazlygy üçin her 10 günden üç kişä sms ýa-da jaň etseňiz bolýar. Eger telefon belgini doly adyňyza geçirmek isleseňiz ýyllyk 30 dollar tölegi bilen alyp bilýärsiňiz. Telefon belgiňiz ýapylan ýagdaýynda size täze telefon belgi almak üçin bildiriş gelýär. Ýene täze telefon belgiňiz bilen Imo hasaby açyp bilýärsiňiz.

Textnow-y nähili ulanmaly?

Textnow programmasyny telefonyňyza Google play ýa-da Appstore arkaly ýükläň.

Android üçin: https://apkpure.com/textnow-free-texting-calling-app/com.enflick.android.TextNow

iOS üçin: https://itunes.apple.com/us/app/textnow-free-text-+-calls/id314716233?mt=8

Soňra Textnow-y açyň web google arkaly ýa-da email salgyňyz bilen registrasiýa boluň. Registrasiýa bolanyňyzdan soňra sizden area kody soraýar siz 604 area kodyny ýazyň we Continue düwmä basyp dowam ediň.

Size bir näçe telefon belgiler hödürlejekdir, halan belgiňizi saýlaň we dowam ediň.

Telefon belgiňizi saýlanyňyzdan soňra menu düwmä basyň we telefon belgiňiziň üstüne basyp nusgasyny alyň.

Imo Messengeri açyň registrasiýa bölümüne girip Canada ýurduny saýlaň we Textnow-dan alan telefon belgiňizi ýazyň.

Dowam ediň. Textnow programmasyna Imo-dan sms geler

Textnow-daky kody Imo Messengera ýazyp belgiňizi tassyklaň. Şeýlelik bilen Imo Messengeri sim kartasyz ulanyp bilersiňiz.

Tema hakynda soragyňyz bar bolsa Sorag Jogap programmasyndan peýdalanmagy unutmaň.

Sorag Jogap Android: https://play.google.com/store/apps/details?id=com.ts.soragjogap

Sorag Jogap iOS: https://apps.apple.com/us/app/sorag-jogap/id1461182264

 

 

 

22,611 total views, 30 views today