LINE@ standart hasap nähili açmalydygy hakynda öň öwrenip geçipdik. Okamadyklar LINE bölümünden tapyp bilerler.
Bu temamyzda bolsa LINE-da ýaşyl ýyldyzly resmi hasaplar hakynda gysgaça düşündürip geçeris.
LINE ýaşyl ýyldyzly resmi hasap näme?
Bu hasaplar LINE tarapyndan dogrulanyp kabul edilen hasaplaryň görnüşidir. Şol markanyň, meşhuryň, firmanyň hakyky özüdigini görkezýän hasapdyr. Haçanda täze bir ýaşyl ýyldyzly hasap açylanda herkimiň LINE hasabynda çykýandyr. Munyň esasy üýtgeşikligi şeýledir.
Biz hem ýaşyl ýyldyzly hasap alyp bilerismi?
Elbetde! Munyň üçin siz LINE kompaniýasy bilen partner (işdeş) bolmalysyňyz. Hasap açmak üçin kelläňizde şeýle bir ajaýyp pikir bolmalydyr LINE göreninden siziň bilen işdeş bolmaga razy bolar ýaly. Işdeş bolmak üçin ýörite hyzmatda duran web sahypalary bar. Siz web sahypa girip gerekli maglumatlary dolduryp ugratmalysyňyz. Ugratmazdan öň öz markaňyz ýa-da meşhurlygyňyz hakynda bir proýekt dörediň, ýokary derejede bolan web sahypaňyzy açyň. Ýogsa siziň teklibiňiz kabul edilmez. Onsoň LINE-yň sizden esasy soraýan zady, Biz bilen işdeş bolanyňyzdan soňra nähili peýdalar geler? Siz hem döreden proýektiňiz hakynda geljek peýdalary ýazmalysyňyz.
Siz LINE bilen diňe Resmi hasap üçin däl başga-da birnäçe hyzmatlaryň üsti bilen işdeş bolup bilersiňiz.
LINE hyzmatlary: LINE Official Account, Promotion stickers, Sticker Shop Partners, LINE Channel we başgada birnäçeleri. Hyzmatlar hakynda has giňişleýin aşakda duran web sahypanyň üst bilen görüp bilersiňiz!
Bellik Ýazgylary bizden başga ýere alan wagtyňyz çeşmäni hökmän görkeziň!
LINE bilen markasy ýok ýada meşhur däl bolan kişiler bolup işdeş bolmak isleýän bolsaň kelläňizde LINE-y haýrana goýjak pikirler we ýokary derejede iňlis diliňiz bolmaly.
Eger Meşhur ýa-da ady belli markaňyz bolsa. Markaňyzyň ýa-da meşhurlygyňyzy başga kişiler tarapyndan LINE@-da hasap açyp meşhuryň özüdigini subut aýdyp ulanýan bolsa, onda meşhuryň ýa-da markaň eýesi LINE-a şikaýat edip ýada Partner web sahypaň üsti bilen özüne dogrylanan LINE ýaşyl ýyldyzly hasabyny alyp bilerler.
Aşakda gysgaça işdeş web sahypany nähili ulanmalygy hakynda belläp geçmekçi.
Web sahypa giren mahalyňyz garşyňyzy aşakdaky ýaly sahypa açylar. Siz täze Iş teklibi üçin görkezilen ýere basyň.
Soňra bolsa garşyňyzya doldurmaly boşluklar çykar. 1nji bölüm Iş teklibiňiz hakynda maglumatlar.
- Bu ýere Iş teklibini haýsy ýurtdan edýän bolsaň hyzmaty haýsy ýurtdan ýöretmek isleýän bolsaň şol ýurdy saýlaň.
- Ikinji bölüme Iş teklibiň görnüşüni saýlaň. Resmi hasap gerek bolsa Official Accounts saýlaň/ Meşhur bolsaňyz Official Accounts Artist saýlaň.
- Bu ýere iş teklibiňiziň adyny ýazyň.
- Bu ýere hem her sanyň yzyndan soraýan zatlaryny ýazyň. Doly we düşündürişli ýazmalysyňyz elbetde Iňlis dilinde.
- Eger bir iş teklibiňiz üçin taýýarlan bir proýektiňiz bar bolsa Broswe düwmesine basyp goşup bilersiňiz. Ýokarda teklibiňiz hakynda doly düşündürişli ýazan bolsaňyz bu hökmän hem däl.
Iş teklibiňiz hakynda dolduranyňyzdan soňra aşak gaýdyň we Özüňize ýa-da markaňyza degişli maglumatlary ýazyň.
- Bu ýerden özüňize laýyk bolany saýlaň. Eger uly bir firma däl bolsaňyz Individual saýlaň ýa-da Others
- Bu ýere Firma guramaçynyň adyny ýazyň. Diňe özüňiz bolsa öz adyňyzy ýazyň.
- Bu ýere adyňyzy
- Telefon belgiňizi
- Email salgyňyzy
- Guramaçy hakynda bir profil bar bolsa şony goşuň
- Bu web saýtyňyzy. Ýok bolsa boş goýuň
- Fax nomer bar bolsa
Ähli zatlary dolduranyňyzdan soňra aşak gaýdyň we bellikleri goýuň görkezilen düwmä basyň. Şeýlelik bilen Iş teklibiňizi ugradarsyňyz. Haçanda kabul etseler ýa-da kabul etmeseler siziň email salgyňyza ýazarlar.
Eger Iş teklibiňiziň ýagdaýyny öwrenmek isleseňiz. Siziň email salgyňyza berilen KOD bilen öwrenip bilersiňiz.
Jemi 9,867 gezek okaldy, Şu gün 5 gezek okaldy
admin but temany öňem açypdyňa
soñ bu akkaunty acanson LINE companiyasy aylyk zat toleyarmi
Owreniji programmany hodurlap gordunizmi siz? firma hokmunde? Accountynyzam bar, yashyl etjek bolup synanyshyp gordunizmi?
Guwanç nämäň aýlygy. Tema näme hakda, sen näme hakda. Iň gowsy bilmeýan zadyňyza goşulmazlyk
mena dusunmedimow
salam admin
PLAY MARKEDAD GIRENOK PROGRAMMALARY YÜKLAP BOLONOK SIZDE ŞEYLEMI TMCELL NOMERDA PLAY MARKET WAGTLAYINÇA IŞLANOKMY
bolyar
gul yaly isleya tm celda playmarket
admin mp3 aydyma nahili surat goyup bolyar shu hakda tema acaysan hoshal bolardym!!!
kyn dala
nahili
admin line da postyn ssylkasyny nadip almaly.. mende time line ssylkasyny alya
admin line da postyn URL ssylkasyny nadip almaly.. mende time line ssylkasyny alya
BEGA NAME KYN DAL?
Asan haçan gelya ol haryt.
Line resmi hasap acmak un ayda 300manat tolemeli diyyaler sho dogrumy admin
menem tema goshmakcy nadip temamy nira ugradyp bolar admin
admin tema goshmakcy nira ugratmaly temamy
Salam admin minetdar tazeden taze owrenmeli pragramalara
admin salam sert admin sol yokrda lin offical acylayr ine turkmnistanda meselm telefon bazary son icndede 1000 adam bar diyeli mana sol muñ icinden 1 adam gerkli bolp dur sahsy durmysm bn baglansykly mn sony ondan bari idap yorn yone nomrn tapmok inni sol tel akuundyñ admini mana urdyp bilyami sol adamy dob edip durza alarym yaly edip jogp beraysiniz admin
g
Admin ashipka berip dura yazan zatlarmy ugradanok o name ucin beyleka?
men dushunemok a lineni nadip registrasiya etmeli kim bilya birin ovredin mana hayyst edyan
admin line@ hasabymda iki acawunt ba solan birine basga kod goyjak bolsan name etmeli
men line registrasiya etjek bolyan yone kody gelenok name etmeli komek edayynda
admin siz bn nadip hawarlasmaly