Bu tema LINE-da köplenç reklama berýänlere gerek bolar.
Siz öz LINE-da hasaplaryňyzyň idini ýa-da başga bir URL (ssylka, link) reklama etdiren wagtyňyz näçe adam linke we haýsy ýurtdan, haýsy browserden, haýsy mobil platformdan girenligini bilmek isleýäňizmi? Onda temany ünslije okaň!
Gerekli Zatlar:
- Google hasap.
- Url Shortener programa Android we IOS üçin bar. (Indirme linkini iň aşakdan alyp bilersiňiz)
Ilki bilen Programany berlen linkden indiriň telefonyňyza gurnaň. Soňra suratdaky ýaly Google bilen aç diýen düwmä basyň.
Hasabyňyz bilen gireniňizde sizden aşakdaky ýaly rugsat soraýar, siz rugsat berýän düwmesine basyň we dowam ediň.
Rugsat bereniňizden soňra programa girersiňiz. Ilki bilen reklama etdirjek bolýan linkiňizi (ssylka, gök hat) daşyny gyzyl çyzyk bilen çyzylan boşluga ýerleşdiriň. Ýerleşdireniňizden soňra bolsa Strelkaň görkezip duran bellijegine basyň.
Bellijege basynyňyzdan soňra aşakdaky ýaly dialog çykar. Kopýala basyň reklama etdirjek bolýan ýeriňize goo.gl/asdfd şekilli linkiňizi beriň.
Siziň linkiňiz reklama etdiren ýeriňizde aşakdaky şekilde görüner. Gorkma Linkim başga diýip. Haçanda ulanyjy linkiň üstüne basanda siziň hakyky linkiňize awto şekilde geçýär.
Soňra size diňe reklamama näçe adam girdikä diýip programa seretmek galýar. Aşakdaky suratdaky ýaly siz hem özüňiziň beren linkiňiziň ýagdaýyny öwrenip bilersiňiz.
Jemi 11,315 gezek okaldy, Şu gün 1 gezek okaldy
@admin @gmail.com adres ussu bilen name alp goyyanyni bilip bolyami mysal ucin: play marketdan name skacat etya name programmalara catyLyp girya we ş.m zatlar
gaty gowy. sagbol
admin iPhone nyn lineny ssylkasyny ugrdayda
admin. vk dan klip aydym nahili programma bilen yuklap bolyar
admin. vk dan klip aydym nahili programma bilen yuklap bolyar
Sagbol kop kop
bet
malades admin sps ýetirmegnize garasýas ýene
Admin meniñ size ýazanlarymy näme üçin harplañ aralary simwolly görkezýär?
Hä, browserden ýazsañ aralary boş eken, kyn bolmasa programmany barlap görüñ
gaty gowy administratsiyan ishleyshi bet dine Turkmenistan ulanyjylary u.n iñ gowy programma
Gowy maslahat sps awtor
@admin Taze tema acmayaňyzmy!
yerii sheydip abray gazandyryan turkmenlerem cyksyna a to linede turkmenlen abrayy gacya bolup yorushlerini gorende
salam admin linenin kimin online kimin offline gorkezyani barmay???
Salam line@ accauntda druzyanda yok, kommentariya yazyan agzany nadip blokirovat (blok) edip bolya shol barada yazaýynda