Laptopy arassalamagyň usullary
Häzirki informasion tehnologiýalaryň döwründe ähli adamlar gündelik durmuşynda informasion tehnologiýalary (kompýuter, telefon …) giňden ulanýarlar. Bu bolsa bize gowy ýeňillikleri döredýär.
Bu mowzugymyň adyndan hem belli bolşy ýaly, şu gün men size laptopy ýagny, notebook-y nädip arassalamaladygyny öwretjek. Laptopy arassalamaly wagty gelendigini nädip bilmeli? Şu aşakdaky ýagdaýlar ýüze çykýan bolsa, onda hökman laptopyňyzy arassalamalydyr:
- Laptopyň tiz gyzmagy;
- Her dürli ýakymsyz sesleriň çykmagy;
- Laptopyň öz – özünden öçmegi;
1. Laptopy arassalamagyň birinji usuly
Laptopy arassalamak üçin birnäçe gurallar gerek:
- Otwýortka (Laptopyň arka tarapyny açmak üçin);
- Ýokary howa basyşly ballonçik (hojalyk dükanlarynda satylýar)
- Laptopy ýerleşdirmek üçin gury üst (stol);
- Antiseptik ellikler;
- Biraz öllenen salfetka;
1-nji ädim
Laptopy arassalamazdan ozal, ony dolulygyna öçürilmelidir. Arkasyndaky akkumulýatoryny aýyrmaly.
Laptopyň arka tarapyny açmak üçin:
- Arka tarapyndaky ähli boltlaryny açmaly. Käbir laptoplaryň arka tarapyndaky boltlar arka tarapyndaky nakleýkalaryň, rezinleriň aşagynda bolýar;
- Boltlaryny doly ýeşilenden soň, ýuwaşlyk bilen arka tarapynyň gapagyny galdyrmaly. Galdyran wagtymyz gaty ünsli bolmalydyrys.
2-nji ädim
Arka tarapynyň gapagyny açanymyzdan soňra laptopyň wentilýatoryny we radiatoryny görýäris. Bize gereklisi-de şolar. Ýokary howa basyşly ballonçigi alyp wentilýatoryny we radiatoryny arassalamalydyrys. Arassalaýan wagtymyz örän ünsli bolmalydyrys. Çünki birnäçe toklara, prowodlara zyýan ýetirmegimiz mümkin.
3-nji ädim
Doly arassalanymyzdan soňra, arka tarapynyň gapagyny gaýtadan ýaplamylydyrys.
4-nji ädim
Indi bolsa biz laptopyň ekranyny we klawiaturasyny arassalamalydyrys. Onuň üçin biraz öllenen salfetka bilen ýuwaşlyk bilen ekranyny we klawiaturasyny arassalamalydyrys.
Ýatdan çykarmaň! Ekranyny arassalaýan wagtyňyz aýna süpüriji, kir ýuwujy serişdelerden peýdalanmaly däl!
2. Laptopy arassalamagyň ikinji usuly
Eger-de siz laptopyňyzy arassalamakdan gorkýan bolsaňyz, onda siz kompýuter serwislerine ýüz tutup, laptopyňyzy arassaladyp bilersiňiz.
Jemi 8,183 gezek okaldy, Şu gün 1 gezek okaldy
kompyutere nadip antiwirus otyrtmaly nahili lisenziya almaly sho barada goyayda
Hayyshynyzy kabul etdim yakynda shu barada mowzuk doretjek
Salam admin line official akkaunt açjak bolyan line@prog bilen bolonoklay gmail satlar duzelen
Dost yene-de hayyst ba sana telefonyn wersiyasyny gotermek ucin name etmeli tel ady alcatel onetouch pop D3 versiyasy 4.4.2 goterse sol nace bolarka versia jogabynyza garasyan
kyn gormesenin oy kamyuterlerinin arassalanshy hemde yakymsyz sesini ayyrmagyn,dogmagynyn onuni almagyn temasyny hem yazayyn
Salam Perhat Sabirow. Alcatel Onetouch Pop D3 4.4.2 versiyanyzy telefonun nastroykasynyn “Об устройстве > Обновление ПО” shu bolumine girip obnowit edip bilersiniz. Taze versiyasy Lollipop 5.2 bolar
oy kompyuterlerini arassalamak edil laptoplardaky yaly, operasion sistemany achyp laptopy arassalayan yaly edip arassalamaly
admin hayys el telefonlary nadip kompyuterde prosiwka etmeli nahili programa gerek icini nadip onarmaly
so barada gurrun berayseniz
Admin menin telim Samsung galaxy Grand neo plyus I9060I 4.4.4.lik android sony obnowit edip nacelik android edip bolarka ozem obnawit etsem donup zat edermika ya gowy islarmika?!
Salam! Telefonunyz 4.4.4 bolsa sizinki 5.2 Lollipop bolar. Obnovlyat etseniz telefonun donmagyda mumkin muna garantiya berip bilmeyan
telefony kompyuterde nadip prosiwka etmeli ginisleyin maglumat berayseniz
salam admin ilhan agam tel gowy zaryad saklanok 100% 2sagatda iyyar hayys maslahatynyza mataç
Salam Perhat Sabirow! Telefonun zaryadynyn tiz azalmagy muna birnache sebapler bolup biler. Meselem WiFi hemishe bagly dursa, oyun kop oynasan, ya da batareyin konelmegi hem bolup biler
Mazadow.jimdo.com
Owrenmeli
Linde like goyyup bolyady hazir so islapdurmy girjek bolsam oshibka beryar
Salam Ilhan Dovranow menin kompyuterim beter donyar we herhili ses edyar kompyuterimin ady HP nadip prosiwka etmeli sol hakda aydayyn hayys mana gaty zerur.
Onsonam öň disk alyady hazirler bolsa disk hem alanok name boldyka?