Köne akylly telefonyňyzda edip boljak käbir mümkinçilikler.

Dünýä möçberinde alnanda her bir hojalykda azyndan 1-2 sany ulanylmaýan köne telefon saklanýar.Käbirleri has ulanyşdan galan käbirleri bolsa täzelerden pes işlemeýär.Akylly telefon ulanyjylary dünýä möçberinde 2 ýyldan telefonlaryny täzeleýärler.Elbetde aralarynda 3-4 ýylda ýa-da ondan-da köp wagt ulanýanlar hem bar.Häzirki wagtda çenli telefon öndürijileriň iň köp öndüren modelleri soňky 5 ýylda hasaplanylýar.Netijede, ulanyşdan galýan telefonlaryň hem sany artýar.Bu makalamyzy ulanyp boljak amatlylygy bolan köne telefonlary, durmuşda gerekli ýerinde peýdalanmagy öwretmek maksady bilen taýýarladyk.

C:\Users\begench\Desktop\Без названия.jpg

Köne ulanmaýan telefonlaryňyz bilen nämeler edip bolar?

  • Howpsuzlyk kamerasy hökmünde ulanyp bolar.

Köpümiziň öýünde howpsuzlyk sistemasy ýokdur, bu aýratynlyk uly şäherlerde has zerur bolup bilýär.Köne akylly telefonyňyzy howpsuzlyk kamerasy ýagdaýyna getirip islän ýeriňizden internetiň kömegi bilen öýüňizi ýa-da aýratyn otagyňyzy görüp bilersiňiz.

Köne telefony nädip howpsuzlyk kamerasy ýagdaýyna getirip bolar?

  • Aşakdaky link üsti bilen AtHome Camera programmany köne telefona gurnaň.
  • Programmany açyň we kamera at goýuň.
  • Wideo şekilde gerek bolan düzeltmeleri sazlaň.
  • Ulanýan telefonyňyza AtHome Camera-Monitor programmany ýükläň.
  • Programmany açyp, kamera edip ulanjak telefonyňyzdaky programmanyň QR koduny okadyň.
  • Şeýlelikde iki telefony biri-birine bagladyňyz.
  • Ulanýan telefonyň üsti bilen wideony ýazgy etme, açma we ýapma mümkinçiliklerini peýdalanyp bilersiňiz.
  • Indi öýüňizde howpsuzlyk kamerasy bar hasap edip bolar.

Kamera boljak köne telefon üçin: https://play.google.com/store/apps/details?id=com.ichano.athome.camera

Ulanýan telefonymyz üçin:

https://play.google.com/store/apps/details?id=com.ichano.athome.avs

  • Ulag kamerasy.

C:\Users\begench\Desktop\1e49232f79bfa4adbeb62328c092cccf83bab18b.jpeg

Ulagyň içinde kamera ulanmak her bir sürüji üçin durmuşda esasy gerek zat.Munuň üçin köne telefonyňyza niýetlenen programmany ýüklemek we ulagyň içinde telefona energiýa (zarýad) bermegi üçin kabel çekmek gerek.

Köne telefony nädip ulag kamerasy edip ulanyp bolar?

  • Aşakdaky link üsti bilen Autoboy Dash Cam programmany köne telefonyňyza ýükläň.
  • Telefony ulagyň kamera ulanmak üçin niýetlenen ýerinde goýuň.
  • Zarýad kabelini gurnaň we telefona birikdiriň.
  • Programmany açyp ýazga (Запис) başlaň.
  • Ýazgy ýazma işlerini programmanyň içinden sazlap bilersiňiz.

https://play.google.com/store/apps/details?id=com.happyconz.blackbox

  • Köne telefony täze Wi-Fi signal güýçlendirijisi halyna getiriň.

C:\Users\begench\Desktop\a1463a3a5d9f8d54a43773f91edf886a1bdb04ee.jpeg

Häzirki wagtda köp hojalykda wi-fi hyzmaty ulanylýar.Öýüň käbir ýerinde wi-fi internet signaly pes bolup haýal işleýär.Munuň üçin Wi-Fi signal güýçlendiriji apparatlary alyp ýa-da çykdajy etmezden köne telefonyňyzy ulanyp bilersiňiz.

Wi-Fi güýçlendiriji nähili döredilýär?

  • Aşakdaky Netshare programmany köne telefonyňyza gurnaň.
  • Şol programmany internete baglanjak telefonyňyza hem gurnaň.
  • Köne telefondan programmany açyň we “Share internet connection” bölümine basyň.
  • Täze telefonyňyzdan programmany açyň.
  • Az wagtdan paýlaşyk döreden telefonyňyzy görersiňiz
  • Onuň üstüne basyň we internete gowy tizlikli baglanyň.
  • Programmany diňe akylly telefonlarda ulanmak mümkinçiligi bar.
  • GPS apparaty hökmünde ulanyp bolar.

C:\Users\begench\Desktop\a705a92fc08cb3f76d42859abe2ec2c9fd7f37ae.jpeg

Akylly telefonlaryň ählisinde hem GPS hyzmaty birikdirilen.Ulagyňyzy ýa-da başga bir size zerur bolan zatlary ogurlatmakdan gorkýan bolsaňyz köne telefonyňyzy GPS apparaty hökmünde ulanyp bolar.GPS yzarlama telefonlarda köp zarýat iýýänligi sebäpli uzak wagt peýdalanmak üçin size uly göwrümli powerbank (akkumulýator) gerek bolar.Elbetde bir ulanylmaýan SIM karta hem gerek.

Köne telefony nädip GPS apparat edip ulanyp bolar?

  • Eger köne telefonyňyz Iphone bolsa;
  • Düzeltmelerden “найти Iphone” bölümini açyp, telefony gerek ýerinde goýuň.
  • Eger köne telefonyňyz Android bolsa;
  • Düzeltmeden “Геоданный” bölümini açyň we gerekli ýerde goýuň.
  • Iki telefon üçin hem Google ýa-da Apple hasaplaryňyzy ulanyp kartanyň üsti bilen zatlaryňyzyň nirä gidýänini görmek mümkin.
  • Google hasabyňyza başga bir telefondan girip, “архив местоположение” bölüminden gezen ähli ýerleriňizi görüp bilersiňiz.

Taýýarlan:Begenç Mälikgulyýew

 

8,108 total views, 74 views today