Salam Öwrenmeli saýtynyň hormatly okyjylary. Men Öwrenmeli saýtynyň ýazyjysy Ilhan Dowranow. Men bu günki mowzugymda size kompýuteri howpsuz ýagdaýda işe girizmek we ulanmak barada birnäçe usullaryny we düzgünlerini öwretjek.
Eger siziň kompýuteriňiz doňup, käbir funksiýalary ýerine ýetirjek bolanyňyzda päsgelçilik döredýän bolsa, onda kompýuteri howpsuz ýagdaýynda barlap görmeli. Ýa-da bu funksiýa başgaça “Безопасный Режим” hem diýilýär.
Adatça kompýutere wiruslar, doly işlenip gutarylmadyk programmalar ýüklenilse, onda kompýuter doňup başlaýar. Şonuň üçin biz kompýuteri howpsuz ýagdaýynda barlap görmeli.
Kompýuteri nädip howpsuz ýagdaýynda ulanmak bolar?
1-nji usuly;
Bu usul Windows 7, Vista we XP operasion sistemalarynda peýdalanylýar.
Kompýuteri täzeden işe giriziň, kompýuter doly ýanmanka “F8” düwmesine basyň. Täze çykan penjirede “Безопасный Режим” ýa-da “Save Mode” saýlaň we “Enter” düwmesine basyň.
“Безопасный Режим”-den çykmak üçin kompýuteri täzeden işe giriziň.
2-nji usuly;
Bu usul Windows 7, Vista, XP, 8, 8.1 we 10 operasion sistemalarynda peýdalanylýar.
Bu usulda kompýuteri sistema konfiguratory tarapyndan howpsuz ýagdaýa birikdirip bolýar. Onuň üçin “Windows + R” düwmeler kombinasiýasyndan peýdalanyň.
Täze açylan penjirede “msconfig” buýrugyny ýazyp, “Enter” düwmesine basyň.
“Enter” düwmesine basanyňyzdan soňra aşakdaky penjire açylar:
Täze çykan penjirede “Ok” düwmesine basyň we kompýuteri täzeden işe giriziň.
Kompýuteri howpsuz ýagdaýynda işlemekligini aýyrmaklyk üçin ýene-de ýokardaky görkezilenleri täzeden girizip, ýöne bellik duran ýerini aýyryp, “Ok” düwmesine basyp, kompýuteri täzeden işe girizmeli.
“Безопасный режим” bu näme?
Ýokarda belläp geçişim ýaly, bu ýagdaýdan peýdalanmak bize gaty amatly düşýär. Siz bu howpsuz ýagdaýda kompýuteriňizi işe girizen mahalyňyz, kompýuter öz hususy draýwerleri, adaty programmalry bilen işe girer, siziň gapdaldan ýüklän programmalaryňyz bu ýagdaýda işlemez. Eger howpsuz ýagdaýda kompýuteri ulanýan wagtyňyz kompýuter doňmasa, onda siziň kompýuteriňiz doňmagy, gapdaldan ýüklenen, geçirilen programmalar günäkärdir. Şonuň üçin hem kompýuteri barlamak üçin şu ýagdaýlardan peýdalanýarlar.
Bu günki mowzugym gyzyklymy?
Jemi 10,182 gezek okaldy, Şu gün 1 gezek okaldy
gaty gowy
admin gowy temadan gowy zatlary yazyañ sag bol. Her temañ suratlaryny haysy programmada yasañ sho barada yazaida
????
minnetdar admin
fleskamdaky zatlar udalit boldy nadip yzyna getirip bolorka
sagwolun minetdar
test
mana 2018 kaspersky lab antiwirusy gerek ozem безплатны isleyani.
admin gaty gowy photoshop progyramanam sheýdip öwretseñiz hoshal bolardyk
gaty dogry yazypsyn admin aga
Fleskama hic.zat gecirip.bolanok was disk.zaseson.ot zapesey diyya.nam.etmeli
hsjajaahj
admin komputerim koda gitdi icindaki zatlary pozman acyp bolyamy
admin menin kompýuterim koda gitdi içindaki zatlary pozman açyp bollarmy
oran gowy
kompyuterim acylanda agyr acylya name etsen bolar.su barada aydaysan ???
мовзугынгыз гызыклы ве пейдалы саг болунг
???
sag bolun gaty gyzykl
best best best
best best best best best best best best best best best best best best best best best best best best best best best best best best best best
gaty govy onat
msconfig- penjirani acanyndan sonra. awtozagruzkadan licno programalary awtomat acylmaz yaly etmeli. manysyz Teman.