Kompýuterde pozulan maglumatlary yzyna gelmez ýaly etmek.
5 (100%) 2 votes

Bilşimiz ýaly islendik maglumat göterjiden (HDD, fleşka) pozulan faýllary ýörite programmalaryň kömegi bilen dikeltmek mümkinçiligi bardyr. Islendik operasion ulgamda faýly ýada papkany pozan wagtymyz gysgaça aýdanyňda ol barada maglumat pozulýar we şol sektory täze maglumatyň ýazylmagy üçin boş diýip belläp goýýar. Emma faýlyň asyl nusgasy diskiň ýa-da fleşkanyň ýatda saklan sektorynda şol sektora täze maglumat ýazylýança galýar. Şonuň üçin hem ýörite programmalaryň kömegi bilen şol sektorlary barlap faýýllary dikeltmek mümkinçilgi döreýär.
Meselem siz ulanýan fleşkaňyzy ýa-da dizkiňizi içndäki maglumatlary pozup ýa-da formatiwläp başga birine satmak islediňiz. Diskiň täze eýesi siziň maglumatlaryňyzy dikeldip öz haýryna ulanmak mümkinçilgini alyp biler. Islendik maglumaty dikeldip bolmaz derejede pozmak üçin pozulan faýlyň ýerine hökmany suratda başga maglumat ýazylmagy zerurdyr. Ony siz ýörite programmalaryň kömegi bilen ýa-da özbaşdak hem edip bilersiňiz. Özbaşdak etmek üçin maglumat göterijileriň işleýiş prinsipini bilmeden etmek mümkinçiligi ýokdur. Şonuň üçin ýörite programmalaryň kömeginden peýdalanmak size has aňsat bolar. Şeýle programmalaryň biri hem FileShredder-dir.
Bu programma işlemek üçin has aňsat interfeýsi we göwrüminiň kiçiligi bilen tapawutlanýar. Bu programmany siz internet giňişliginden gözlap tapyp bilersiňiz.
Programmany kompýutere gurnap açanymyzdan soňra ekrana aşakdaky penjire çykar.

Bu penjireden biz pozjak bolan faýlymyzy ýa-da papkamyzy saýlamak üçin ýokarda suratda görkezilen ýere basmaly.
Basanymyzdan soöra aşakdaky penjire çykar

Bu penjireden pozjak faýlymyzy saýlap Открыть knopka basmaly.

Basnymyzdan soňra aşakda suratda görkezilen ýerden pozulan faýlyň ýerine näçe sapar maglumat ýazylap pozuljagyny bellemeli. (5 sapardan köp goýmak hökman däl)

Soňra Уничтожить файлы düwmesine basmaly.

Maglumaty pozmak maglumatyň göwrümine we kompýuteriň tizligine görä birnäçe wagt alyp biler.

Şeýlelik bilen biz islendik maglumatymyzy dikeldip bolmajak derejede pozup bileris.

Yazan: Forum agzasy https://forum.tsoltanov.com/u/Blablabla 

2,326 gezek okaldy