Hosting näme zat?
5 (100%) 1 vote

     Taýýarlan web sahypalaryňyzy ýüklemek üçin bir ýer gerekdir.  Saýtyňyzyň işlemegi üçin sazlanan serwerlerde siziň üçin aýrylan ýere hsoting diýilýär. Hosting hyzmaty kompýuterlerden has güýçli bolan serwer diýdigimiz enjamlaryň üsti bilen işleýändir. Serwerler elmydama açyk we günüň her sagady elýeterli bolmagy zerurdyr.


Size gije sagat 03:00-de bolsada kompýuteriňizden www.owrenmeli.biz salgysyna gireniňizde web saýty garşyňyza gelýän bolsa o wagtda siziň kompýuteriňiz biziň serwerimize baglanyp biziň saýtymyza degişli maglumatlary siziň kompýuter ekranyňyza çykarýar diýmekdir. Ynha şunyň  üçin hem serwerleriň elmydama açyk we internede bagly bolmagy zerurdyr.

Serwerler datacenter diýenimiz şahsy otaglarda saklanýandyr. Bu otaglarda elmydam bir sistem injeneri, generator, sowadyjy, metro internet ( ýokary tizlikde internet) bolmagy gerekdir. Bu ähli materiallar bir ýere birlikde gelenlerinde serwer hosting hyzmaty işe girýändir.

Mundan başga-da  hem maillar hem bu serwerleriň üsti bilen işlär. Hosting hyzmaty domainiň dns üstünden serwere birikdirilmesi bilen işleýändir. Hem web sahypalary hem mail salgylary serwer üstünden ip protokoly bilen siziň kompýuteriňize aragatnaşyk gurýandyr. Häzirki wagtda birnäçe firmalar hosting hyzmatyny ýöretmekde we size alan domain adynyň aktiw ýagdaýa getirilmegi üçin ýer berýändir. Bu ýer aýlyk ýada ýyllyk bolup arenda şekilde ýöredilýändir.

Täze web sahypa açmak üçin gerekli bolanlar:

Domain ady we Hosting web dillerini bilmeýän bolsaň taýýar bir web sahypa.

Indiki ýazgylarymyzda täze bir saýt açmak hakynda….