Öwrenmeli  näme?

       Öwrenmeli – Bu tehnologiýa dünýäsini halkymyza tanyşdyrmak we tehnologiýa (Internet, LINE, ANDROID, IOS, Kompýuter,Sosýal hyzmatlar we.şm) bolan gözýetimini giňeltmek üçin hyzmata girizildi. Maksadymyz ösüp gelýän ýaş türkmen neslimize dogry ýoldan tehnologiýany tanyşdyrmak we öwretmekdir. 

       Öwrenmeli – Halkymyza doly mugt we garşylyksyz hyzmat edýär. Her bir watandaşymyz web sahypa ýa-da android üçin niýetlenilen programmamyzy alyp göni ulanyp bilýär. Öwrenmeli hiç hili registrasiýa islemeýär. Diňe watandaşymyz ýazylan ýazgyň aşagyna öz pikirini ýa-da düşünmedik ýerini ýazmak üçin öz adyny ulanyp bilýär.

       Ähli ýazylan ýazgylaryň içinde iň azyndan bir surat bolýar. Çünki siziň has gowy düşünmegiňiz üçin bu wajypdyr. Siziň ekenomiýaňyzy hem göze aldyk. Her bir surat Öwrenmelä ýüklenende suratlar ýörite hyzmatlar tarapyndan gysylyp ýüklenýär. Bu diýmek Internet trafigiňizi biraz hem bolsa tygşytly ulanmaga kömek edýär.

      Öwrenmeli programmasyny häzirlikçe diňe android sistemaly telefonlarda  ulanmaga mümkinçilik bar. Programmada Offline funksiýasy hem ýerleşdirilen.

     Offline funksiýa bu haçanda siz ýazylan temanyň içine girip ýokarda sagatjyk şekiljige basanyňyzda peýdasyny görüp bilýärsiňiz.

      Soňra internet ýok wagty Programma girip Soň okajaklarym atly menýudan internetsiz temany okap bilýärsiňiz.

      Düzgünler – Umumy aýdylanda Öwrenmelini ulanýan tarapyndan haýsydyr bir düzgün ýokdyr. Diňe Pikirler bölümünde ulanyjynyň ýazýan sözleri barlanylýar. Eger Milletçilik, Pornografiýa we adamy birahat edýän ýazgylar ýazylan ýagdaýynda pozulýandyr.

       Öwrenmeli –  Web sahypa Mobile görnüşli hem-de Kompýuter görnüşlidir.

Android telefonyňyz üçin Öwrenmeli ýüklemek isleseňiz Google Play Storede gözleg ýerine Öwrenmeli ýazyp alyp bilersiňiz