Salam Öwrenmeli saýtynyň hormatly okyjylary! Men Öwrenmeli saýtynyň ýazyjysy Ilhan Dowranow. Bu günki mowzugymda men size kompýuteriň dolandyryş paneline girmekligi gadagan etmekligiň usulyny öwretjek. Biziň okyjylarymyzyň arasynda kompýuter ulanýanlary hem bardyr. Onda bu tema edil siziň üçin! Biz kompýuterimize dolandyryş paneli arkaly birnäçe düzeltmeleri girizýäs. Kompýuteri maşgala agzalary ulanýan bolsa, meselem çagalaryňyz kompýuterden peýdalanýan bolsa, onda kompýuteriň işleýşiniň üýtgemezligini, oňa täze düzeltmeleri girizmezliginiň öňüni almak üçin şu mowzuk size kömek edip biler.
- Win+R kombinasiýasyny ýerine ýetiriň, täze penjirede “regedit” diýip ýazyň.
2. Täze açylan penjireden “HKEY_CURRENTUSER” papkany açyň.
3. Şu papkany açanyňyzdan şu yzygiderlikdäki ähli papkalary açyň.
“Software/Microsoft/Windows/CurrentVersion/Explorer”
Eger siziň kompýuteriňizde “Explorer” papkasy ýok bolsa, onda ony dörediň. Döretmek üçin syçanjygyň sag gulajygyny basyň, soňra “Создать/Раздел” kombinasiýasyny ýerine ýetiriň we onuň adyna “Explorer” diýip goýuň.
4. Soňra “Explorer” papkany açyň we ýene-de syçanjygyň sag gulajygyna basyň we “Создать/Параметр DWORD (32 bit)” kombinasiýasyny ýerine ýetiriň. Täze döredilen faýla “NoСontrolPanel” diýip at beriň.
5. Ondan soňra täze döreden faýly açyň we “0” diýip duran ýerine “1” diýip ýazyň. Ine şeýdip netijede kompýuteriňiziň dolandyryş paneli çäklendirildi. Eger çäklendirmäni aýyrmak isleseňiz, soňky döreden faýlyňyzy öçüriň.
Ýatda saklaň! Täze faýly döreden soň, kompýuteri täzeden işe giriziň we şonda dolandyryş paneli çäklendiriler.
Kompýuteri täzeden işe girizip, dolandyryş panelini açanymyzda bize şeýle hat gelýär:
Bu günki mowzugym peýdalymy? Pikirleriňizi teswirlerde görkezip bilersiňiz
Habarlaşmak üçin: dovranovovrenmeli@gmail.com
Jemi 12,872 gezek okaldy, Şu gün 8 gezek okaldy
brat men dushunmedimda. Shul senin owreden zatlaryny edenimizde kompyuterin ichine hich hili zat kopyalap we uytgedip bolanokmy ya bashga mumkincilik uchin ulanylyamy
…
namesine dushunmedin?
Tema gaty peydaly, ýöne howply
Umumana gyzyksyz tema, nama gerek beydip, ondan programma bilen name pozup duzsen duziber perezagruzka etsen bolany hemme zat onki onkilik, chagalaram oynasyn hezil edip barybir onki onkilik 🙂
köp köp sag boluñ, başgada şuña meñzeş maglumatlar goýuñ
Windows10 abzor alyp fleshladan yukledim. Serial key soramady. ishlap bashlanson wifi bn birgije updete etdi oz ozuni indem serial key soraya name etmelika? owredayinda @admin.
Sen KmsAuto Lite ulanyp gor
Bu name ucin gerek sony aydayda dusunmedinda @admin hayys
gaty govy