Adam  beýnisi hakynda käbir maglumatlar. Adam beýnisi- bu adamyň iň möhüm sistemasy bolup durýar.Gün geçdigiçe adam beýnisi barada alynýan maglumatlar adamlary haýran galdyrýar. Birnäçe alymlar we gözegçiler ömürlerini beýniniň nähili işleýändigini bilmek üçin harçlapdyrlar. Bu makalamyzy size adam beýnisi barada maglumat bermek maksady bilen beýan etdik. Ine, adamyň beýnisi barada bilmesi gyzykly bolan käbir hakykatlar:

C:\Users\begench\Desktop\cropped-beyaz-madde-gri-madde-beyin-1024x576.jpg

  1. Beýniniň agramy takmynan 1,5 kg-a deňdir.
  2. Beýniňizde 100 milliarda golaý neýronlar ýagny beýni öýjükleri saklanýar.
  3. Her bir beýin öýjüginde 1000-den 10000 çenli baglanyşyk bardyr.
  4. Deriňiz beýniňiziň 2 esse agyrlygyna eýe.
  5. Ynsan bedeninde bolşy ýaly, beýnide hem 70-75% suw saklanýar.
  6. Suwuň möçberinde hasaba almasak, beýnide takmynan 60% ýag saklanýar.Bu görkeziji bilen beýni bedendäki iň semiz ýagly organdyr.
  7. Beýniniň 60% ýagynyň 50%-i DHA-dyr.(DHA-dokozogensan kislotasy başgaça balyk ýagy.Omega-3 hem degişli)
  8. Edilen gözlegler netijesinde beýnide DHA ýetmezçiligi özüňe erk etme pesligine, üns bermekde kynçylyga, ýatkeşligiň ýitmegine sebäp bolýanlygy anyklanyldy.
  9. Beýni diňe kelleçanak bilen örtülen, onuň bedende goraýjy reseptorlary ýokdur.Bu sebäpli beýniňize organ hökmünde deglende agyry döremez.
  10. Beýnidäki gan damarlarynyň uzynlygy 100.000 mil-e barabardyr.
  11. Täze dogan çaganyň beýnisi ilkinji dogan ýylynda 3 esse ulalýar.
  12. 5 ýaşan adam beýnisiniň ululygy barjak derejesiniň 90% ýetýär.
  13. Beýni bedendäki kislorodyň 20-25% harçlaýar.
  14. Beýni 8-10 sekunt boýunça gan ýitirse adama ölüm howpy abanýar.
  15. Ýatan wagtymyz beýnimiz 10-23 watt arasynda elektrik güýjini öndürýär.Bu bir lampany işletmek üçin ýeterlikdir.

C:\Users\begench\Desktop\beyaz-madde.jpg

  1. Gözlegler netijesinde käbir adamlara görä “adamlaryň beýnisi 10%-i işleýär” diýlen düşünjäniň dogry dälligi tassyklanyldy.Aslynda beýni has köp işläp biler, emma öwrenme wagtynda beýniniň käbir funksiýalary ulanylmaýar.
  2. Täze bir maglumat öwreneniňizde bir zatlar ýat tutanyňyzda ýa-da bir düşünjä eýe bolan wagtyňyz-da beýniňizde täze bir baglanyşyk döredýärsiňiz.Bu netije beýniňiziň güýçlenmegine getirýär.
  3. New Ýork-da 1million talypda edilen gözegçilikde goşmaça ysly, reňkli maddalary saklamaýan iýmitler bilen iýmitlenýänler, bu maddalary saklaýan iýmiti iýýänlerden IQ testlerine görä 14% ýokary netijeler görkezdi.
  4. Beýni kislorodsyz 4-6 minuda çenli ýaşap biler we soňra ölmäge başlar.Eger adam 5-10 minut juda pes ýa-da ýok ýerde bolsa beýni şikeslenýär.
  5. Beden bilen beýni arasynda baglanyşyk örän kuwwatlydyr.Fiziki agyrylar sebäpli lukmana baran hassalaryň 50-60 %-i nerwi ulgamy bozuklygy sebäpli bejergi alýarlar.
  6. Ys bilen oýarylan beýni wakany has güýçli ýatda saklap bilýär.Mysal üçin: synaga taýýarlanýan wagtyňyz duhy sepinip taýýarlanyň we synaga hem şol duhyny sepinip baryň.Bu size hökman kömek berer.
  7. Käbir adam gije ukusynda 1-2 sagatda 4-7 gezek düýş görmäge ukyply.Turanyňyzda ýada düşmezligi düýş görmedigiňizi aňlatmaýar.
  8. Ukuda erbet düýş görýärkäk özüňize fiziki hereket edip zyýan bermezligiňiz üçin, beýni bedende takmynan ysmazlyga çenli hereketsiz bolar ýaly bir garmon öndürýär.
  9. Käbir adamlar (12% golaýy) diňe ak-gara düýş görýärkä, başgalarynyň düýşleri reňklidir.
  10. Beýniniň näçe köp işledilmesi onuň düzümindäki çal maddanyň mukdaryny artdyrýar.

Taýýarlan:Begenç Mälikgulyýew

 

8,937 total views, 36 views today