Android üçin kitap ýasa
5 (100%) 1 vote
Android app book maker atly Windows üçin niýetlenilen bu programanyň üsti bilen siz sadaja kitap ýasap bilersiňiz. Ulanylyşy gaty aňsat. Diňe kynçylyk çekjek ýeriňiz ol hem kitabyň içini doldurmak boljakdyr.

Geliň onda Programany nähili ulanmalydygy hakynda öwrenip geçeliň!

Ilki bilen beren linkimden programany kompýuteriňize indiriň. Göwrümi 11 Mb. Soňra kompýuteriňize gurnaň.

Programany açanyňyzdan soňra göni aşakdaky ýaly size lisenzsaiýa kodyny sorar. Bizde ýok bolanlygy üçin  strealkaň görkezip duran TRY düwmesine basyp dowam edýäs.

Täze kitap ýasamak üçin aşakda suratda görkezilen NEW düwmesine basmaly.

NEW basanyňyzdan soňra aşakdaky dialog gelýär. Ol ýere kitabyňyz hakynda 3 sany maglumatyňyzy ýazmaly. 1.Kitabyň ady. 2.Kitabyň awtory. 3.Kategoriýasy. ýazanyňyzdan soňra OK basmaly.

Eger-de ýasajak kitabyňyza öň taýýar ýazgylary ýüklemekçi bolsaňyz. 1nji görkezilen ýere basyp, kompýuteriňizdäki ýüklemekçi bolýan ýazgyňyzy goşmaly (word. txt). Ýa-da Özüňüz kitabyň içine ýazmak  çy bolsaňyz onda 2-nji görkezilen ýere basmaly.

2-nji ýere basanyňyzdan soňra. aşakdaky ýaly dialog geler. Siz sahypanyň adyny ýazyň. Soň ok basyň.

Strelkalaryň görkezip duran ýeri. 1njisi täze sahypa açmak üçin. Ikinjisi bolsa Açyk duran sahypanyň içine goşmaça sahypa açmak üçindir. Çep tarapdaky açan sahypalaryň haýsynyň üstüne bassaňyz Sag tarapdaky uly gyzyl çyzyga geçýändir. Şeýlelik bilen haýsy sahypa ýazjak bolsaňyz. Şol sahypaň üstüne basmak ýeterlidir.

Siz Kitabyň dilini suratyny özüňize görä üýtgedip bilersiňiz. Onuň üçin aşakdaky Konfig diýlen ýere basmaly soňra aşakdaky ýaly birnäçe zatlar çykar. Şo Her bölümünden maglumatlary üýgedip bilersiňiz.

Haçanda kitabyňyz taýýar bolanda Programada ýokarda duran BUILD ýazylan düwmä basmaly we ondanam Build as pakgage diýen ýere basmaly. Basanyňyzdan soňra aşakdaky ýaly penjire açylar siz göni Strelkaň görkezip duran ýerine basyň.

Soňra ýene Strelkaň görkezip duran ýerine basyň. Şeýdip siz öz kitabyňyzy ýasap bilersiňiz.

 

Android Book maker Indir

10,267 gezek okaldy