Windowsda faýllara parol goýmak
Bu ýazga baha ber
Käte Kompýuterde gizlemeli maglumatlar bolup bilýär. Maglumatlarymyzy her dürli şekilde gizlemek bolýar. Biz Maglumat gizlemek hakynda bir ýoluny görkezeli. Maglumatlary gizlemek üçin size bir programany maslahat berjek. Programayň ady Folder Lock.

Programany nähili ulanmaly?

  • Programany kompýutere ýükläniňizden soňra ilki bilen garşyňyza geljek ekran parol goýmakdyr. Bu ekranda maglumatlaryňyzy gizlaniňizden soňra haýsy parol bilen açmak isledigiňizi bildirýärsiňiz.

  • Bu ädimden soňra haýsy maglumatlaryňyza parol goýmakçy bolsaňyz şolary saýlaň. Suratda görýärsiňiz Add düwmesine basyp öz gizlemekçi bolýan maglumatlaryňyzy (Papka we şm) saýlap goşmalysyňyz. Ýa-da göni papkalary programanyň içine oklap bilersiňiz.

  • Maglumatlary okalnyňyzdan soňra Lock düwmesine basyň. Parol goýmak işini şu şekilde edersiňiz. Lok basanyňyzdan soňra maglumatlaryňyz gizlener.

  • Eger gizlän zadyňyzy öňki ýagdaýa getirmek üçin. Programada ýokarda duran Unlock diýen ýere basanyňyzdan maglumatlaryňyz açyk hala geler.

Programany şu ýerden indirip bilersiňiz Folder Lock 10 MB

6,872 gezek okaldy