LINE Creators Market Registrasiya etmek
Bu ýazga baha ber

Line Creators Market hakynda öňki temamyzda tanadypdyk. Indi bolsa bu temamyzda nädip Creators Marketa registrasiýa bolmalydygy hakynda ýazalyň!

Bellik: Creators Market üçin Öz LINE hasabyňyzdan girmelisiňiz onuň üçin LINE hasabyňyzda email hasabyňyzy baglangyly bolmalydyr. Eger LINE hasabyňa nädip email baglamaly diýän bolsaň Şu temamyzy okamagy maslahat berýän. http://blog.tsoltanov.com/line-hasaba-email-birikdirmek/

Line Creators Market Registrasiýa üçin aşakdaky ädimleri yzarlaň:

Ilki bilen Şu  saýta giriň https://creator.line.me

Gireniňizden soňra garşyňyza şunyň ýaly penjire geler siz Daşy gyzyl çyzykly My Page diýen düwmä basyň.

My page sahypasyna gireniňizden soňra, aşakdaky ýaly sizden login parol sorar. Siz hem ol ýere ÖZ Line hasabyňyzyň login parolyny ýazyp. Aşakdaky düwmä basyň.

Login parolyňyzy üstünlükli gireniňizden Creators Market sizden rugsat sorajakdyr. Siz hem aşakdaky Ýaşyl düwmä basyp rugsat beriň.

1-nji surat-Rugsat bereniňizden soňra Ilki aşakdaky sözleşmeleri kabul ediň. Agree diýen ýere bellik goýup sahypanyň aşagyna gidiň.

2-nji surat- Özüňüz hakynda maglumatlary giriziň.

  1. 1nji boşluga Ýurduňyzy saýlaň! Türkmenistan Ýok diýän bolsaňyz. Şuny Ýurdy saýlap bilersiňiz. Turks and Caicos Islands
  2. Business Type diýen  ýere Individual Saýlaň.
  3. Name Of Applicant Bu ýere öz Adyňyzy familýaňyzy ýazyň
  4. Name or Trade Bu ýere Bu ýere hem hakyky adyňyzy ýazyň. Bu ýere ýazan adyňyz Size pul tölänlerinde forumda görüner.
  5. Bu ýerlere öz maglumatlaryňyzy ýazyň. Eger ýaltanýan bolsaňyz diňe Email salgyňyzy ýazyp bilersiňiz! Bellik Email salgyňyzy dogry ýazyň Sebäbi Aktiwleştirmek üçin Email salgyňyza link ugradyljakdyr.
  6. Ähli zatlary dolduranyňyzdan soňra iň aşakdaky Send düwmesine basyň.

Send düwmesine basanyňyzdan soňra. Maglumatlaryňyzy gözden geçiriň. Soňra aşakdaky Confirm düwmesine basyň.

Soňra aşakdaky ýaly siziň registrasiýa formuňyz ugradylar. We siziň email salgyňyza hasaby aktiwleşdirmek üçin link geler.

Email poçtaňuza aşakdaky ýaly hat geler siz Daşy çyzykly gök linka basyp hasabyňyzy aktiwleşdiriň.

Linke basanyňyzdan soňra Aşakdaky ýaly sahypa açylar. Siz Creators Market düwmesine basyp LINE Creators Market kontrol paneliňze giriň.

Aşakdaky siziň LINE Creators Market sahypaňyzdyr. Täze Stiker we tema döretmek üçin, Indiki temalarymyza garaşyň.

Owrenmeli Youtube Kanalymyzda indi Video derslerimizem ýerleşdireris. Kanala Ýazylyň. Aşakdakda Ýokarky temanyň Wideosy. https://youtu.be/Q34-_2rEZAU

6,145 gezek okaldy