LINE GOLD hakynda
3.5 (70%) 2 votes

LINE Gold hakykysy kim tarapyndan çykaryldy?

LINE Gold Thailand ýaş hakerlary tarapyndan çykarylandyr.

Näme üçin beýle azap edip özlerem mugt paýlaşýarlar?

Jogaby gaty aňsat başda haker diýipdik. Haçanda Sen öz login parolyň bilen Şol Gold diýilýän LINE-dan hasabyňa gireniňde edil şol wagtyň özünde siziň ýazan login parolyňyz UserMid, Api key ýaly hiç kime görkezilmeýän maglumatlaryňyz hakerleriň eline geçýändir. UserMid Api keyleriňiz üsti bilen siziň hasaplaryňyzy isleseler ýapyp bilýärler isleseler öz ellerine geçirýärler. Olar esasanam LINE@ hasaplaryň bar bolsa alýandyr. Çünki olar hem LINE@ hasaplara has düşgündir.

Eger internet dünýäsinde pully satlyk duran zatlar bolsa. Gapdalyndan hem başga biri Şonuň mugtyny çykarsa. Bu siziň bähbidiňize dälde öz bähbidi üçin size hödürleýändir. Aslynda Internet dünýäsinde Lisenzasiýasyz Programalary döwüp ulanmak jenaýat hasaplanýar. Bilşimiz ýaly internetde lisenzasiýasyz proglaryň mugt görnüşi gaty köpdür. Bu mugt programalar, erbet niýetliler tarapyndan çykarylýandyr. Her bir hödürleýän programalaryň içine wiruslaryny goýýarlar. Ol wiruslary siziň anti programalaryňyz hem tapyp bilmeýär. Haçan-da Programany ulanyp başlaňdan, siziň maglumatlaryňyz olaryň eline geçýär. Ol hakerlera internetde şeýle atlandyrylýar Türkçede Korsan iňlisçe Pirate  rusça пират. Bu söz size tanyş bolsa gerek. Hawa edil özi Filmleri we multifilmleri bar. Sözde  Bir kişiniň malyny ele geçirmek bilen meşgul bolarlar.

Biz ondada ulanýarys. Hawa satyn almaga dözemizok. Biziň nämämiz bar ýitirer ýaly diýip geçýäris. Dogry Ýurdumyzda internede indi indi höwesjeňler tapylyp ugrady. Bu zatlary biziň hökman bilmegimiz mejburdyr. Aňsatlap hiç hili şonuň ýaly Programalary ulanmajak boluň.

Awtor: Täçdurdy Soltanow

Okanyňyz üçin minnetdar!

8,742 gezek okaldy