Wi-Fi tizligi näme üçin pese düşer?
Bu ýazga baha ber

Häzirki wagtda köp öýlerde ulanylan Wi-Fi kabelsiz internet hyzmatyny ulanýarkaň internediňiziň tizliginiň haýal işleýändigini duýýarsyňyzmy? Muny ähli internet ulanyjylary başyndan geçirendir. Nämeden bu tizlik pese düşer? Tizligiň pese düşüşi hakynda käbir zatlary aýdyp geçeliň.  Modemiňizi düzgün ýerde goýuň. Signal ýaýratýan modemler eger galyň diwarlaryň arkasynda ýa-da öý enjamlaryň arkasynda galsa, modemiň paýlaýan signallaryda enjamlaryňyza has-da az barjakdyr. Bu sebäpli hem modemi açyk ýerlerde goýmalydyr. Iň köp internedi nirede ulansak şol ýere ýerleşdirmeli.  Öýüňizdäki beýleki tehnologik enjamlaryň ýygylyklaryny (частота, frekans, frequency) yzarlaň. Bu ýygylyklar modem ýygylygy bilen garşylaşsa modemden gelýän internet signallarynda tizlik pese düşjekdir. Bu sebäpli hem ýene-de modemi dogry ýerde goýmalydyr. Beýleki modemlerden gelen Wi-Fi signallarynada dykgat ediň. Goňşylaryňyzdada modem bar bolsa we olardanam Wi-Fi signallary gelýän bolsa siziň signallaryňyzy kesip biler. Bu hem Internediň peselmegine sebäp bolar. Şol bir modemiň üsti bilen birnäçe kişi (10-dan ýokary) internede girýän  bolsa internet tizligi ýenede pese düşer. Bu sebäpli hem köp kişi internede baglanan wagty modemiňize gaharlanmaň. Modemi ulanýan kişiniň sanyny pese düşüriň. Bu hem problemaňyzy çözjekdir. Eger ýokardakylar boýunça siziň modemiňiz dogry ýerde bolsa, onda ilki bilen modemiňizi FirmwareÖwrenmeli 🙂

9,293 gezek okaldy