LINE@-daky postlaryň URL-syny almak.
4 (80%) 4 votes

Eger LINE@ hasabyny ulanýan bolsaň bu size gerekli maglumatdyr. Köpimiz bilsekde bilmeýänlerimizde az däldir.

LINE@-da lentalarda post paýlaşýarys. Onuň hem URL (linkleri) bolýar. Linkler nämä peýdaly? Linkleri haçanda yzarlaýjylaryňa çat arkaly ýetireniňde linkleriň üstüne basanlarynda siziň lentadaky paýlaşan postyňyzyň içine girýär.

Linki nädip almaly?

Ilki bilen Telefonyňyzyň ýa-da Kompýuteriňizden Internet Browsere giriň. Adres ýazylýan ýere admin-official.line.me saýtyny ýazyň. Açylandan soňra öz LINE@ hasabyňyzyň login parolyny ýazyň.

Aşakdaky suratda görşüňüz ýaly Meýudan Timeline (Home)  diýen ýere basyň.

Ol ýere gireniňizden soňra garşyňyza LINE@-da paýlaşan postlaryňyz çykar. Siz bolsa Haýsy postyňyzyň linkini almakçy bolsaňyz Şol postyň üstüne basyň.

Soňra aşakdaky suratda daşy gyzyl çyzykly URL diýen ýazgyň gapdalyndaky Http:// bilen başlaýan Linki dolylygyna kopýalaň. Ynha şol hem siziň postyňyzyň linkidir.

6,595 gezek okaldy