Android Telefonda Micro SD işlänok. Näme etmeli?
Bu ýazga baha ber

Android telefon Mikro SDini (çip) görenok. Näme edip bilerin?

Eger android telefonyňyza täze bir mikro sd (çip) goýan wagtyňyzda telefonyňyz görmeýän bolsa, ilki ýoly mikro sdini (çibi) formatlamagy maslahat berýäris. Eger Mikro SD kartyňyzy täze alan bolsaňyz, formatlamak problemasyz ediljekdir. Bu ýol problemaňyzy çözjekdir. Bu ýoly Android telefonyňyzyň üsti bilen etmegiňizi maslahat berýärin. Munuň üçin: Android telefonyňyzyň Sazlamalar (Aýarlar, Settings, Nastroýka) bölümüne giriň we menýu açylanda Storage (Depolama, хранение) diýen ýere basyň. Storage Menýusy açylanda iň aşakda Форматирование карты памяти (Hafıza kartını biçimlendirme, Format the memory card) ýazylan ýere basyň. Bu ýere Telefonyňyzyň üstü bilen baryp bilmeýän bolsaňyz, ýa-da başa barmaýan bolsa kompýuteriň üsti bilen etmäge synanşyň. Munuň üçin bolsa Mikro Sdini kompýutere baglamagyňyz gerekdir. (Çip okaýan adapterleriň kňmegi bilen baglap bilersiňiz) Baglanyňyzdan soňra beýleki Fleşkalary nähili format etýän bolsaňyz muny hem edil şonuň ýaly formatlamalydyr.

Android telefonyňyzda öň ulanyp ýören Mikro SDiňiz (çip) birden görünmän başlan içindäki maglumatlary ýitirmek islemeýän bolsaňyz etmeli işleriňizi düşündirjek.

Android Telefonlarda ulananýan Mikro SDlerde (çip) käwagt data okama ýalňyşlyklary ýüze çykýar. (Ýagny Telefon Çibimizdäki maglumatlarymyzy dogry okap bilmeýär). Käwagtlarda bolsa öň ulandygymyz çiplerimizi wagtlaýyn bir ulanman ýerde goýup, has soňra telefonymyza dakanymyzda, telefonymyz çibi görman bilýär. Munuň üçin size maslahatym, Ýaňky aýdyşym ýaly Çibiňizi kompýutere baglaň, Internetden Mugt görnüşünde rekowery ( Pozulan maglumatlary yzyna getirýän) programalardan peýdalanyp, Ýiten maglumatlaryňyzy yzyna getirip bilersiňiz. Soňra bolsa yzyna alan maglumatlaryňyzy kompýutere geçirip, Mikro sdiňiziň ýalňyşlyklaryny gidermek üçin format edip Telefonyňyza dakyň. Çibiňiz işläp başlan bolsaa problema çözülendir.

Ulanylyşy sadaja bolan SD kart rekowery programasy http://7datarecovery.com/file/7data-cr.exe  2MB

6,401 gezek okaldy