ANDROID telefonlardaky viruslar nähili arassanalar?
5 (100%) 1 vote
Reklam ucin yer

Android platformly mobil enjamlar her geçen gün täze bir wirus bilen garşylaşýar we telefonyň eýesini kyn ýagdaýa düşürýär. Telefona wirus düşende ýeke ýoly bolan format (hard reset) etmän wirusdan arassalamagy öwreneliň!

Ähli tehnologiýa enjam internet bilen aragatnaşygy bolanda wirus bilen ýüz-ýüze gelýär diýmekdir. Çünki internetde gezen wagtyň ýa-da telefonyňyza programa indiren wagtyňyz siziň habaryňyz bolman, käbirlerinde wirus indirilýär. Ynha bu ýolda gizlin bir şekilde ýaýran wiruslar, şahsy maglumatlaryňyzy we hat-da telefonyňyzyda ele geçirip bilýär. Aslynda bu görnüşli wiruslar bilen garşylaşanyňda ilki bilen etmeli iş telefonyňyzy format etmek bolýar. Ýogsa içinde gaty köp maglumatlarymyz bolan telefonymyzy wirustan halas etmek üçin ýeke ýol format etmelimi?

Format atmadan öň telefonyňyzyň içindäki maglumatlaryňyzy alyp galmaly bolýar. Bu bolsa hem kelle agyry hem-de wagt ýitirmek. Indi bolsa biz bu wagt ýitirýän kelle agyry ýagdaýdan programalaryň kömegi bilen wirusdan halas bolup bileris. Nähilimi? Hany başlalyň:

Android telefonyňyzda wirusyň bardygyny nähili bilersiňiz?

Arassaçylyk işine başlamadan öň ilki etmeli işiňiz telefonyňyzy barlamaly. Hakykatdan hem wirus barmy ýogsa ýalňyşlykmy? Telefonyňyz haýal işläp başlasa bu wirusyň barlygyny subut etmez. Emma sizden habarsyz täze maglumatlar döreýän bolsa we islemedik programalaryňyz telefonyňyza indirilýän bolsa, ynha bu ýagdaýda telefonyňyzda wirus bar diýip bileris.

Mugt bir antiwirus programasyny gurnaň!

Erbet niýetli programalary tapmak üçin olary işlemez ýaly ýagdaýa getirmek üçin, iň ynamly antiwirus programalardyr. Ynha bu sebäplem Play storede tapylan meşhur bir antiwirus programasyny barlap bileris. Aşakdaky berilen programalardan birini indiriň we telefonyňyzda wirus bar diýän bolsaňyz, programa arkaly telefonyňy gözden geçiriň.

CM Security – FREE Antivirus Indir


Avira Antivirus Security Android  Indir


Bitdefender Antivirus Free Indir

Biz bilen bilelikde Öwrenýäniňiz üçin size örän minnetdardyrys!

#owrenmeli #android #wirus

59,558 gezek okaldy