Iphone, Ipad enjamlara programma yüklemek
5 (100%) 1 vote

Iphone ýada Ipad enjamlara programma ýüklemek android enjamlara garanyňda çylşyrymly görünýän bolsada, aslynda android enjamlara programma ýükläniň ýaly gaty çylşyrymly däldir.

 

Eger Iphone ulanyp, içine hiç hili programma ýükläp bilmän öwrenmek isleýän bolsaň üns berip okamagyňy maslahat berýän.

 

Iphone-a programma ýüklemek üçin gerekli bolan zatlar:

  1. Wifi ýada Mb köp bolan internet paket.
  2. App Store

Iphone-a programma ýüklemek üçin telefonyňyzdan App Store hyzmatyny ulanyň. App store giriň we almak isleýän programmaňyzy tapyp ýüklemek düwmesine basyň.

Ýükle basnyňyzdan soňra size aşakdaky ýaly bildiriş geler. Siz “Sozdat Apple Id” basyň.

Soňra sizden email poçtaňyzy ýazmagyňyzy sorar. Öz adyňyza bolan email poçtaňyzy ýazyň we aşagyndan täze 8 harpdan bolan parol ýazyň we  iň aşdakdan 3 sany sorag saýlap dogry jogaby ýazyp dowam ediň.

Soňraky sahypa dowam etmek üçin siziň ýokardaky ýazan email salgyňyza tassyklamak üçin Url salgy iberiljekdir. Bu sahypadan çykman poçtaňyza giriň we email poçtaňyzy tassyklaň soňra NEXT düwmä basyň.

Soňraky sahypada sizden töleg üçin we özüňize degişli maglumatlary sorajakdyr. Ilki Oplaty bölümünde NET diýiň. Ondan aşakdaky boş ýerlere soraýan zatlaryny ýazyň (adyňyz salgyňyz we şm)

 

Iphone üçin programmalary App store üsti bilen ýükläp bilersiňiz. App store-ny ulanmak üçin siziň Apple ID-iňiz bolmalydyr. Ýokarda siz Apple Idini nähili almalydygyny öwrendiňiz. Apple Id alanyňyzdan soňra siz islän wagtyňyz internede girip App Storeden gerekli programmaňyzy ýükläp bilersiňiz

Eger düşünmedik ýeriňiz bolsa täze açylan şu saýtymyza registrasoýa bolup ýazyp bilersiňiz https://owrenmeli.com

 

1,262 gezek okaldy