Android telefonyň Uçar režiminde internedi ulanmak (Airplane Mode)
5 (100%) 1 vote

Haçanda biz telefonymyzda Uçar režimini açanymyzda  Wi-Fi, GPS we Bluetooth’y öçürýär. Käbir halatlarda bolsa bize uçar režimini öçürmek mejbur bolýar. Meselem siz uçarda we internet ulanmak isleýärsiňiz. Uçarda bolsa telefonymyzy mejbury ýagdaýda uçar režiminde goýmaly bolýarys. Başgada uçar režimi açyk ýagdaýynda telefonymyzyň zarýady öňküsinden az zarýad iýýär.

   Uçar režimde internet nähili ulanmaly?

Uçar režiminde internedi ulanmak aňsatdyr.

  1. Ilki bilen telefonyňyzda uçar režimini açyň
  2. Soňra telefonda jaň edilýän ýeri açyň we *#*#4636#*#* belgini ýazyň.
  3. Kody ýazanyňyzdan soňra göni Testing sahypasyna geçersiňiz. Şol ýerden Phone Information-a giriň.
  4. Phone Information sahypasyndan Mobile Radio Poweri tapyň we açyň.
  5. Birnäçe minut garaşyň internet işläp başlajakdyr.

BELLIK: Bu çözgüt käbir android telefonlarda mümkin däldir.

19,441 gezek okaldy