Iphone-nyň sesi öçürilen ýagdaýynda ony tapmak
Bu ýazga baha ber

Apple kompaniýasynyň Iphone markaly öndürilýän telefonlarynda birnäçe täze funskiýalar goşuldy. Apple kompaniýasynyň öndürijileri Iphone sesi öçürilen ýagdaýynda ony islendik ýerden tapyp almak üçin birnäçe işleri alyp bardylar. Şeýlelikde, Iphone-nyňyz ýiten ýagdaýynda ony iki ýol boýunça tapyp bolýar.

“Найти Iphone” programmasynyň kömegi bilen

Bu programmanyň kömegi bilen diňe bir Iphone-y däl, eýsem Ipod, Ipad ýaly enjamlary hem gözläp bolýar. Ýöne telefon ýitmezinden ozal bu programmany telefona ýükläp, gurnamaly.

  • Şu yzygiderlikde telefonuň parametrine giriň :  «Настройки» → iCloud → «Найти iPhone»
  •  «Последняя геопозиция» funksiýasyny goşuň, eger telefonuň zarýady azalsa, awtomat ýagdaýynda telefonuň ýerleşýän ýeri, iCloud-a iberilýär.

Soňra telefon ýiten wagty, ony tapmak üçin:

  1. “Найти Iphone” programmasyny başga telefonda programmasyny açyň we Apple Id-iňizi ýazyň;
  2. Telefony saýlaň;
  3. «Воспроизвести звук» düwmesine basyň, şonda telefon ses berip başlar;

Eger telefon öýde dälde, başga bir ýerde ýiten bolsa, onda ony şol programmanyň üsti bilen kartada ýerleşýän ýerini tapyp, ol telefony anonim görnüşinde öçürip bilersiňiz.

Ýatda saklaň. Telefony tapmak üçin telefon internede baglanan bolmaly.

 

1,565 gezek okaldy