Siziň durmuşyňyz hakda 21 sorag
5 (100%) 1 vote

Aşakda berilýän soraglara dogry jogap beriň, şonda siz özüňiziň kimdigiňizi tanarsyňyz.

Adamy berýän jogaby boýunça däl,

berýän soragy boýunça tana

Wolter – filosof

Aşakdyky soraglary hemişe özüňize berip ýöremegi endik ediniň, durmuşyňyzyň üýtgeýändigine syn ediň.

Amatlylyk üçin bu soraglary telefonuň ýa-da kompýuteriň ýadynda saklap goýuň. (Temanyň soňunda *doсx formatda faýl goýular)

1-nji sfera: Durmuş garmoniýasy

Aşakdaky beriljek soraglara diňe bir jogap beriň. Ol jogaplar: “hawa” ýa-da “ýok”

  1. Men bagtlymy?
  2. Men edilen kömek üçin minnetdarlyk bildirýänmi?
  3. Maňa öz işimi halaýanmy?
  4. Men özümi gowy duýýanmy?
  5. Özümi terbiýelemek üçin wagt sarp edýänmi?

Bagt –  minnetdarlyksyz, öz işiňi söýmezlik, özüňi gowy duýmazlyk, özüňi terbiýelemezlik bilen bolup bilmeýär. Eger siz şu soraglaryň haýsy bolsada birine “ýok” jogap beren bolsaňyz, onda beýleki soraglaryň üstünde hem işläň.

2-nji sfera: Iş, zähmet

Adam 24 sagadyň 16 sagadyny fiziki aktiwlilik bilen geçirýär. Şol 16 sagadyň 70%-ini zähmete, öz işine bagyşlaýar.

6. Men täze zat öwrenýänmi?

7. Meniň çekýän zähmetim üstünlige ýetýärmi?

8. Men işim, men üçin nähili orunda durýar? Oňa bolan                          hormatym nähili?

9. Men öz ygtyýarlygymy nädip giňeldip bilýän?

10. Öz edýän işimiň, ondan hem gowusyny edip bilýänmi?

3-nji sfera: Biznes

Eger siz uly ýa-da kiçili biznesiň eýesi bolsaňyz onda şu soraglara jogap berip görüň.

11. Menin biznesimiň esasy problemasy nämede?

12. Esasy problemany nädip çözmeli?

13. Öndürýän önümlerimiň hilini ýokarlandyryp, öňki bahasynda              satarynmy?

14. Potensialy ýokary hyzmatdaşlygy nädip gazanmaly?

15. Çykdajymy azaldyp, köp girdeji gazanyp bilerinmi?

4-nji sfera: Durmuşymyň hasyllylygy

16. Häzirki wagtda men üçin näme birinji orunda durýar?

17. Öz arzuwyma gysga wagtda ýetmek üçin näme etmeli?

18. Haýsy hereketlerimi häzir ýatyrmaly? Nämeleriň üstünde                    işmegimi bes etmeli?

19. Haýsy işlere men gizlin aralaşýan?

20. Şu güne çenli men özüme haýsy soragy bermedim?

Ýokarda berlen soraglara dogry jogap bermegiňizi başaryň. Çünki bu soraglary siz öz-özüňize berýäňiz, ýagny özüňizi aldamaň. 

Men bagtlymy * doсx (Ýokardaky soraglar berlen)

5,997 gezek okaldy