Özümize ynamdarlygymyzy öldürýän 5 şert
Bu ýazga baha ber

Ynamdarlyk – bu iň bir tolgundyryjy we gaýgy ediji pikirlerň biri. Özüne ynamdar adamlar durmuşda uly üstünliklere we ýokary derejelere ýetýärler. Ýöne aramyzda özüne ynanman, kemsinip ýörän adamlar hem bar. Özüňe ynanmasaň, başga kime ynanmaly? Adam her bir edýän işine ökünmän, özüne dogry baha bermegi öwrenmeli. Emma adama öz ynamyny gaçyrmaga näme günäkär? Geliň, şolar dogrusynda durup geçeliň.

Deňeşdirme häsiýeti

Käbir adamlar bir iş etmezinden ozal, onuň dürli taraplary boýunça deňeşdirýärler. Adam bir işe ýapyşmazyndan ozal özüniň iň güýçli we iň gowşak taraplaryny oýlamalydyr. Netijede, şol işe görä öz başarjaňlyklaryny deňeşdirmeli.

Geçen şowsuzlyklar

Adam durmuşynda hemişe uly şowlulyklara ýetip bilmeýär. Käbir adamlar şowsuzlyga uçranyndan soňra, käbir zatlardan göwnüni galdyrýar. Bu pikir ýalnyş. Bir gezek şowsuzlyk, ikinji gezek hökman şowlulyk bolar. Çünki birinji gezekdäki ýalňyşlyk, ikinji gezek gaýtalanmaz.

Taýýarsyzlyklyk

Käbir adamlar bir iş etmek üçin, şol işiň öz wagty bar diýip, garaşyp durýarlar. Ýöne zähmet, wagta seretmeýär. Adam hemişe, her bir kynçylyga, her bir duýdansyzlyga taýyn bolup ýaşamaly.

Gorkunç

Gorkunç duýgusy her bir adamyň kalbynda ýaşaýar. Adam hiç zatdan gorkmaly däl, gorksaň hem ony daşky gurşawyňdaky adamlara görkezmeli däl. Islendik adam il gepinden gorkýar. Iliň agzy uly, ony durduryp bolmaýar. Adam iliň gepine däl, kalbynyň sesine diňlenip ýaşamaly.

Negatiw oýlanma

Biziň her birimiz, her bir adam, jansyz zatlar hakynda hökman negatiw pikirde bolýarys. Emma bu pikir ýöretmede ýalňyz diýip pikir edýän. Çünki biri hakda negatiw pikirlenseň, ol adamy özüňden daşlaşdyrýaň we netijede sende ýekelik duýgusy emele gelýär.

Durmuşda söýlüp we owadan bolup ýaşaň!

4,190 gezek okaldy