Antiwirus goragy. Antiwirus programmalary
Bu ýazga baha ber

Salam, Öwrenmeli saýtynyň hormatly okyjylary. Men Öwrenmeli saýtynyň ýazyjysy Ilhan Dowranow. Bu gün men öz täze mowzugymda size Antiwirus goragy we goramak üçin ýörite programmalar barada gyzykly maglumatlary paýlaşjak.

Her gün ýüzlere täze wiruslar emele gelýär, şol sebäpli üstünlikli wiruslara garşy goragyň baş şertleriniň biri bolup, antiwirus programma üpjünçiliginiň bolmagy çykyş edýär.

Has meşhur antiwirus programmalaryny garaşsyz testden geirmegiň netijileri täjirçilik programma üpjünçilikleriň arasynda öz borçlaryny has üstünlikli Kasperskiniň Antiwirusynyň ýerine ýetirýändigini görkezdi. Test üçin 60000 gowrak zyýan beriji wiruslar ulanyldy. Kasperski Antiwirusy şol wiruslaryň 97%-ini zyýansyz edip bildi.

Antiwirus programmalarynyň wirusy ýok edip bilijilik ukuby (% hasabynda)

  1. Kaskperskiniň Antiwirusy – 97%
  2. Symantec Norton Antivirus – 89%
  3. Avira Antivir – 85%
  4. Dr.WEB – 81%
  5. NOD32 – 80%
  6. Panda Antivirus – 74%
  7. Avast – 63 %

Antiwirus programmasy we onuň görnüşleri.

Kompýuter wiruslary bilen göreşmekde antiwirus programmalary has netijelidir. Antiwirus programmalary zaýalanan faýllary gözlemek we bejermek üçin dürli düzgünleri peýdalanyp bilýär.

Polifaglar – has meşhur we netijeli antiwirus programmalary bolup, polifag antiwirus programmalary (meselem, Kaskperskiniň Antiwirusy, Dr.WEB) çykyş edýär. Polifaglaryň iş dügüni faýllary, diskleriň ýükleýji sektorlaryny we işjeň ýady barlamakdan we olaryň içinde belli bolan we täze wiruslary gözelemekden ybarat.

Rewizorlar – rewizorlaryň (meselem, ADinf) iş düzgüni diskde bar bolan faýllar üçin gözegçilik jemlerini hasaplamakdan ybarat. Bu gözegçilik jemleri antiwirusyň maglumat gorunda edil beýleki informasiýa ýaly: faýllaryň uzynlyklary, olaryň soňky üýtgedilen wagty we başg. bilen bilelikde saklanylýandyr.

Bekleýjiler – “wirus howply” ýagdaýlary tutup, olar barada ulanyja habar berýän programmalar. Şeýle ýagdaýlara, meselem, diskiň ýükleniş sektoryna ýazgynyň edilmegi degişli. Bu ýazgy kompýutere operasion sistema ýüklenilende ýa-da ýükleniji wirus bilen zaýalananda bolup geçýär.

Antiwirus programmalarynyň bazalaryny täzelemek.

Programmanyň täzelenmegi kompýutere aşakdaky obýektleri ýükleýär we gurnaýar:

  • Antiwirusyň bazalary. Informasiýanyň goragy howpuň signaturalaryny we tor hüjümleriň, kesgitlemelerini, şeýle hem olar bilen göreşmegiň usullaryny saklaýan maglumat gorlaryň esasynda üpjün edilýär.
  • Programma modullary. Antiwirus bazalaryndan başga, programma modullaryny hem täzelemek bolýar. Täzelenme paketleri Antiwirusyň gowşak taraplaryny aýyrmaýarlar, täze funksiýalary goşýarlar ýa-da bar bolanlary gowulandyrýarlar.

Dürli antiwiruslaryň bazalaryny täzelemegiň ýygylygy

T/B

Antiwirus programmasy Bir aýda täzelenmeleriň sany

Bir gije-gündizine täzelenmeleriň ortaça sany

1 Kaspersky Antivirus 573 18.5
2 Dr.Web 332 10.7
3 Sophos 83 2.7
4 BitDefender 54 1.7
5 ClamAV 48 1.5
6 AntiVir 43 1.4
7 F-Secure 43 1.4
8 Panda Software 39 1.3
9 Ikarus 34 1.1
10 Symantec (Intelligent Updater)* 34 1.1
11 Trend Micro 30 1.0
12 eTrust (Computer Associates) 29 0.9
13 F-Prot 23 0.7
14 eTrust (VET) 19 0.6
15 Avast 17 0.5
16 AVG (Grisoft) 17 0.5
17 Command 17 0.5
18 NOD32 (Eset) 17 0.5
19 Norman 15 0.5
20 RAV 8 0.3
21 McAfee 7 0.2
22 ASafe (Aladdin) 6 0.2
23 Symantec (Live Update)* 6 0.2

Bu günki tema peýdalymy? Pikiriňi teswirde ýazyp bilersiň. Soragyň bar bolsa “dovranovovrenmeli@gmail.com” poçta ýaz!

3,461 gezek okaldy