Windows-da “Корзина” gutusyny ekrandan aýyrmak we öçürmek
Bu ýazga baha ber

Salam Öwrenmeli saýtynyň hormatly okyjylary. Men Öwrenmeli saýtynyň ýazyjysy Ilhan Dowranow. Men bu günki mowzugymda ýene-de Windows hakda durup geçjek. Bu mowzugymda men size Windows-daky “Корзина” gutusyny ekrandan aýyrmaklygy ýa-da ony bütinleý öçürmekligi öwretjek. Windows ulanýan ulanyjylaryň käbirsi ekrandaky “Корзина” gutusyny aýyrmaklygy isleýärler. Bilşimiz ýaly “Корзина”  gutusyna öçürilen faýllar iberilýär. Ol faýllar bolsa, bu gutuda wagtlaýynça saklanylýar. Eger biz “Корзина” gutusyny dolulygyna öçürsek, onda öçürilen faýllaryňyz göni kompýuteriň ýadyndan ýiter.

“Корзина” gutusyny baş penjireden aýyrmak.

  1. Ilki bilen biz “Панель Управления” bölüminden, “Персонализация” bölümini açmaly. Täze açylan penjireden “Параметры значки рабочего стола” bölümini açmaly.

2. Täze açylan penjirede “Корзина” diýip ýazylan bölekdäki belgijigi aýryň we “OK” düwmesine basyň.

3. Netijede, baş penjiredäki “Корзина” gutujygyny ýitirim bolar.

 

Baş penjireden aýrylan gutujyga girmek üçin penjiräniň adres ýazylýan ýerine ” C:\$Recycle.bin\Корзина\ ” diýip ýazyň we “Enter” düwmesine basyň. Netijede gutujyk açylar.

Windows 10 -da bolsa Prowodnik bölümine giriň we ýokarda çep gyrada gök ýyldyzjygyň şekiljigine basyň. Şol ýerden “Корзина” gutujygyna girip bilersiňiz.

“Корзина” gutujygyny bütinleý öçürmek.

  1. “Корзина” gutujygyny bütinleý öçürmek üçin Win+R kombinasiýasyny ýerine ýetiriň. Täze açylan penjirede gpedit.msc diýip ýazyň we “Enter” düwmesine basyň.

2. Täze açylan penjireden şu aşakdaky yzygiderlikde bölümleri açyň: Конфигурация пользователя —> Административные шаблоны —> Компоненты Windows —> Проводник

Bu yzygiderlikde bölümleri açanyňyzdan soňra, penjiräniň sag gapdalynda «Не перемещать удаляемые файлы в корзину» diýen bölümi açyň we «Включено» diýen buýrugyny belgiläň we “OK” düwmesine basyň.

Netijede biziň “Корзина” gutujygymyz bütinleý kompýuterimizden ýitirim bolar.

BELLIK. Bu buýruklaryň ählisi Windows 10 operasion sistemada ýerine ýetirilen.

Tema gyzyklymy? Pikirleriňi teswirlerde görkez!

3,863 gezek okaldy