Oboý galyndylaryny näme etmeli?
Bu ýazga baha ber

Salam Öwrenmeli saýtynyň hormatly okyjylary. Men Öwrenmeli saýtynyň ýazyjysy Ilhan Dowranow. Men şu gün size el işleri barada gürrüň berjek. Ýagny käbir zatlaryň galyndylaryndan owadan, döwrebap el işlerini taýýarlamak. Bu gün biz oboý galyndylaryndan el işlerini taýýarlamagyň ideýalaryny öwrenip geçeris. Onda başladyk.

Stollary bezemek.

Oboý böleklerini kesip, stoluň üstüne ýelmesek, täze döwrebap mebel alyp bileris)). Oboý böleklerini owadan kesip, tagta stoluň üstüne ýelmemeli, soňra oboýyň ýüzüne ýörite lak sürtmeli. Täze stol taýýar bolýar))

Owadan gutyjyklary ýasamak.

Biz dükandan birnäçe söwda edýäs. Şol harytlaryň boş gutyjyklaryny alyp, daşyna oboý galyndylaryny kesip ýelmesel sowgat üçin owadan gutyjyklar bolar. Ýa bolmasa bu gutylaryň içinde maýda zatlaryňyzy saklap bilersiňiz.

Diwar üçin surat.

Oboý galyndylaryny gönüburçly şekilde kesip, surat üçin ramkalarda ýerleşdirip, diwar üçin owadan suratlary ýasap bileris. Diwarda oboý gaty owadan görüner))

Öý içindäki basgançaklary bezemek.

Siziň öýüňizde basgançaklar barmy? Onda ony owadan sungat eserine öwürip bolýar. Onuň üçin her bir basgançaga oboý galyndysy belmäp, üstüne lak çalsaň ajaýyp esere öwrüler.

Stoluň üstüne halyjyklar.

Oboý galyndylaryny kesip ony stoluň üstünde halyjyklar görnüşinde hem ulansa bolýar. Siziň stoluňyz öňküsindenem owadan görünýär.

 

7,039 gezek okaldy