Kompýuteri “Petya.A” wirusyndan gorap saklamak
Bu ýazga baha ber

Salam Öwrenmeli saýtynyň hormatly okyjylary. Men Öwrenmeli saýtynyň ýazyjysy Ilhan Dowranow. Şu gün men size kompýuteriňizi “Petya.A” wirusyndan gorap saklamagyň aňsat usulyny öwretjek. Eýsem bu wirus nähili?

Petya.A – bu 2017-nji ýylda has ýaýran internet wiruslarynyň biridir. Bu wirus başgaça NetPetya diýip hem atlandyrylýar. Bu wirus diňe Windows platformasy arkaly işleýän kompýuterlere täsirini ýetirip biler. Bu wirus haçanda kompýutere aralaşanda ilki bilen, kompýuteriň gaty disklerini kodlaýar, ýagny siziň ähli faýllaryňyz, gutylaryňyz (papka) elýeterli bolmaýar. Bu wirus ähli faýllaryňyzy kodlandan soň, ol faýllaryňyzy yzyna gaýtaryp bermeklik üçin bitkoin kursynda pul möçberini soraýar. Ýöne, pul tölegide size hiç hili kömek edip bilmez.

“Petya.A” wirusyndan nädip goranmaly?

Petya.A wirusyndan goranmaklygyň aňsat usuly bar. Onuň üçin aşakdaky görkezmeleri yzygiderlikde ýerine ýetirmeli.

  1. “Блокнот” programmasynda, boş tekstli faýlyny döretmeli.
  2. Faýlyň adyny “perfc” ýa-da “perfc.dll”  diýip ýazmaly.
  3. Faýly, C diskyň “Windows” papkasyna goýmaly. “C:/windows.”
  4. Faýla diňe okamaklyk üçin hukugyny bermeli.

Bu tema peýdalymy? Bu temany dostlaryň bilen paýlaş, dostlaryňam öwrensin.

2,972 gezek okaldy